«Açyk gapylar» güni geçirildi

1 Dekabr 2021
1032

Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdepde «Bitaraplyk — buýsanjymyz» şygary bilen «Açyk gapylar» güni geçirildi. Bu günde görkezilen bilim sergisinde we işine ussat, ökde mugallymlaryň guran göreldeli sapaklarynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatda alyp barýan syýasatynyň durmuşa geçirilişi, umumy orta bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, okuw maksatnamalarynyň talabalaýyk özleşdirilişi, mekdepde okuw-terbiýeçilik işleriniň döwrebap guralyşy, öňdebaryjy mugallymlaryň iş tejribeleriniň öwrenilişi öz beýanyny tapdy. «Açyk gapylar» güni welaýat Baş bilim müdirliginden we şäheriň dürli mekdeplerinden gatnaşan myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Goý, ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, dürli kärlerde päk zähmet çekmegi üçin bimöçber aladalary edýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, ähli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Agamyrat BAÝRAMOW,
Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.