Üstünlige beslenen ýyl

3 Dekabr 2021
1124

Ýakynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyp ýaşlaryň 2021-nji okuw ýylynda gazanan üstünlikleri boýunça olary sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýokary netijeleri bilen diňe bir uniwersitetiň däl, eýsem, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşine goşant goşan ýaşlar Hormat hatlary bilen sylaglandy.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilen internet olimpiadasynda gazanylan görkezijiler boýunça Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary oňat netijelere eýe boldy. Olaryň otuzysy birinji orna, elli ikisi ikinji orna, elli birisi üçünji orna, şeýle-de on ikisi Hormat hatlaryna mynasyp bolup, degişli diplomlar bilen sylaglanyldy.

Maýa ALLABERDIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.