Düzme nähili ýazylýar?

1 Dekabr 2021
2463

Adatça, dilçi mugallymlar okuwçylaryň ýazuw işlerini, aýratyn-da, düzmelerini barlap, gözden geçirmegiň kyn işdiginden zeýrenýärler. Ýogsa-da düzme barlagy näme üçin beýle güzaplyka?! Biziňçe, munuň düýp sebäbi okuwçylaryň düzmelerinde täzelik az, käbirleri ekiztaýy ýaly meňzeş, galan birnäçesi hem okuw kitabynyň mazmunyny gaýtalaýar. Her bir düzmäniň möçberi-de okuwçy depderiniň 3-7 sahypasyny tutýar. Synplaryň okuwçy sany hem 35-e ýetýär. Şol bir zady şonça ýola (ugurdaş synplarda okuwçy sany 100-den hem geçýär) gaýta-gaýta okamagyň, dümtünip barlamagyň, bellikler etmegiň, ýalňyşlaryny seljerip, toparlara bölüp, jemläp, baha goýmagyň ezýetini göz öňüne getirmek kyn däl bolsa gerek.

Eýsem, düzme barlagyny şatlyk çeşmesine öwrüp bolmazmyka?! Bada-bat aýdaýyn, bolar. Munuň üçin sowatly, özboluşly, täzeçil, täsin pikirlere baý düzmeleri ýazmagyň endiklerini okuwçylarda kemala getirmeli, ösdürmeli.