Özgertmeler — ösülere badalga

3 Dekabr 2021
1000

Bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagy döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlän hormatly Prezidentimiz halkymyzyň abadan durmuşynyň gözbaşyny ylym-bilim ulgamynyň kämilleşmeginde görýändigini hemişe nygtaýar. Şeýle bolansoň, milli Liderimiziň döwletli çözgütleri esasynda ulgamy düýpli kämilleşdirmekde, ýaş nesillere bilim-terbiýe bermegiň hil derejesini dünýä ülňülerine laýyk getirmekde  ägirt uly işler amala aşyryldy. Dünýä ylmynyň soňky gazananlary, häzirki zaman okuw-görkezme esbaplary, interaktiw-multimediýa enjamlary bilim ulgamyna giňden ornaşdyryldy. Ýaş nesillere berilýän bilim-terbiýäniň hil derejesine täsir edýän şunuň ýaly özgertmeleriň giň gerim bilen dowam etdirilýandigi örän guwandyryjydyr. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler ýaşlarymyzyň buýsanjyny artdyrýar. Halkymyzy ajaýyp zamanada ýaşadýan milli Liderimiziň adyna alkyş sözleri bagtyýar nesillerimiziň dilleriniň senasy bolup ýaňlanýar. Bu gün berkarar Watanymyzyň her bir ýaş raýaty döwletimiziň at-abraýyny mundan beýläk hem belende götermekde özlerine aýratyn orun degişlidigine oňat düşünmek bilen, täze belentliklere ýetmekde okamagy, öwrenmegi, bilimleri başarnykly ele almagy, geljekde ylymly, bilimli, hünärli adamlar bolup ýetişmegi baş maksat edinýärler.

Sähragül GODANOWA,
Türkmenbaşy şäherindäki 6-njy orta mekdebiň mugallymy.