Röwşen geljegimiziň şuglasy

5 Dekabr 2021
846

Her bir güni uly ösüşlerdir özgerişlere beslenýän eziz Diýarymyzyň bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler sanardan köp. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, bilim, hünär, terbiýe meselelerine bolan talaplar täze mazmuna eýe boldy. Şeýlelikde, bilim ulgamyny dolandyrmagyň, onuň jemgyýete peýdaly bolmagynyň we durmuşa hyzmat etmeginiň talabalaýyk ýola goýulmagy üstünlige badalga bolýar. Jemgyýetiň ruhy medeniýetiniň esasyny düzýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak işini maksadalaýyk guramakda onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilmegi häzirki zaman bilim syýasatynyň esasy ugrudyr.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin döwlet tarapyndan goýberilýän serişdeleriň möçberi ep-esli ýokarlandy we häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin gurulýan täze binalaryň sany hem artdy. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde berilýän bilimiň hilini dünýä derejesinde ýola goýmak bilen, ýaş neslimize döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk bilim we terbiýe almaga giň mümkinçilikler döredildi. Şeýle hem milli ruha ýugrulan edep-terbiýe mekdebini ýörelge edinmek, watansöýüji nesilleri kemala getirmek esasy ugurlaryň biridir.

Gülşat GUTLYMYRADOWA,
Köneürgenç etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy.