"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Şygyrlary edep-terbiýäniň gönezligi

XVIII asyryň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, onuň nesillere galdyran bahasyz edebi mirasy okuw-terbiýeçilik işinde örän möhüm orny eýeleýär. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan kitabynda: «Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr» diýip, örän jaýdar belleýär. Şahyryň döredijiligi kalbymyzyň hiç haçan öçmejek nurudyr, şamçyragydyr. «Kim Magtymguly Pyragyny söýüp okasa, pelsepelerini amal etse, onuň durmuşy gitdigiçe gözelleşer, manydan hem abraýdan dolar» diýip, ata-babalarymyz wesýet edipdirler. Magtymguly Pyragynyň şygyr älemi terbiýe tutumynda söz üsti bilen täsir etmek usuly hem-de serişdesi bolup durýar we ynsanyň duýgularyna täsir etmek arkaly maksada ýetmegiň ýoluny salgy berýär. Çagalara Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwretmegiň esasy maksady olara şahyryň öňe sürýän pikirlerine dogry düşünip bilmegi, onuň döredijiligine buýsanmagy hem-de geljekde ýaşaýyş-durmuşynda amal etmegi öwretmekden ybaratdyr. Mundan başga-da beýik akyldaryň türkmen topragynda dünýä inip, beýleki gündogar ýurtlarynda hem ägirt uly yz galdyrandygy barada çagalara gürrüň bermekligiň özi eýýäm Magtymguly atamyzyň döredijiligine bolan gyzyklanmany we söýgini artdyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan:

— Ene ýaradylyşda dowamatyň dowam etmeginiň başlangyjydyr. Ene ähli ýaradylyşa dahylly beýik düşünjedir. Enä minnetdar bolmak özüňe, şu dünýä, tutuş barlyga dahyllydygyňa soňsuz hoşallygyňdyr. — Eneleriň arzuwy abatlyk hem-de saglykdyr diýilýär. Watany üçin edermenligi hem-de gaýratlylygy özüne ýörelge edinen perzendini enäniň yhlasy bişowlukdan hem ýakymsyz täsirlerden goraýar. Ene — dünýäniň sazlaşygy hem-de ebediligi.

Gözellik älemi (liriki oýlanma)

Hoştap baharyň burnuňa urýan ysyny görsene! Üstüne ýagyş damjalary sepelän toprak, onuň mährem gujagyndan şineläp, özüni güjeňleýän näzijek pyntyklar, ho-ol aňyrrakda bolsa: «Men-ä sizden öň gözel tebigat bilen didarlaşdym» diýip, läle-reýhan gunçaly bägülleriň ysy başyňy sämedýär. Ah, bahar, seniň gözelligiňe, täsinligiňe aperin! Dünýäniň iň owadan güllerine çalymdaş zenanlaryň 8-nji mart — Halkara zenanlar güni hem şu ajaýyp pasylda toýlanylýar. Şol gün mährem enelere gül çemenini gowşuryp, olary mübärekläniňde, eneleriň gyz maşgalanyň öwrenäýmeli keşdeçilik, halyçylyk sungatlaryny inçelik bilen aňyna guýşy, ol işleriň nusga bolup galmalydygy baradaky gürrüňleri göz öňüňde janlanýar. Duýgulara berlip durşuma, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp, türkmen gelin-gyzlarynyň asyrlardan gözbaş alan milli keşdeçilik sungatyny synlamak höwesi döredi. Biri-birinden gözel, nusgalyk el işleri göwnümi ganatlandyrdy. Bu muzeýiň ajaýyp künjeginde ýerleşdirilen, 1971-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň sünnäläp bejeren kürtesi, inçeden syk örülen gülli joraby ünsümi has-da özüne çekdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitabynda: «Käbämiň gyzlary bilen bile oturyp keşde gaýaýandygy, jorap örýändigi hem janly surat eseri ýaly» diýen setirleri ýadyma düşdi. Bu, hakykatdan hem, şeýle.

Başa kürte atyp, keteni geýseň...

Gadymy hem-de müdimi halkymyzyň asyrlaryň aňyrsyndan, ýüzläp-müňläp geçen heňňamlaryň jümmüşinden edil Gün kibi parlap dogan, paýhaslaryň gazanyndan gaýnap çykan polatdan berk, gülden näzik edim-gylymy islendik adamy düýrmegi bilen özüne çekýär. Bu babatda pederlerimiz dünýäde adam zähmeti siňdirilip, uly arzuw bilen ýetilen zatlaryň gadyr-gymmatyny duýmagy, mukaddeslikleri aýap saklamagy nesillerine ündäpdirler. Çünki şol aýalyp, goralyp geljekki nesillere ýetirilmeli mukaddesliklerde, ruhy we maddy gymmatlyklarda biziň milliligimize mahsus ajaýyplyklaryň özeni, özi saklanýar. Ene-mamalarymyzyň sünnäläp, şu günlere ýetiren şeýle gymmatlyklarynyň biri bolan keteni baradaky ýatlamalarym meni çagalyk günlerime dolaýar.

Dünýämiz hemişe mähir bilen çoýulsyn!

Ene söýgüsini bütin kalby bilen syzan ynsan üçin ýaşaýşyň ähli pursatlarynda diňe söýgi höküm sürýär. Ejelerimiz bizi söýýär hem bize söýmegi öwredýär. Ene söýgüsi hemişe biziň ýüregimizde ýaşaýar. Eneleriň beren söýgi sapagyny biz öz perzentlerimizde dowam etdirýäris. Ene söýgüsi bize güýç-kuwwat berse, perzent söýgüsi bizi ýaşadýar. Ene hem perzent söýgüsi ýaşaýşyň dowamaty bolup, bakylyk owazyna eýlenýär. Durmuşynda şol ylahy owaz bolan adamlar bagtlydyrlar. Biziň üçin enäniň adynda söýginiň iň beýik şöhlelenmesi bar. Bütin barlygy mähir bilen ýyladyp duran ejelerimiz bize söýgi sapagyny berýän ilkinji mugallymlardyr. Iň beýik söýgi ene ýüreginden gaýdyp, ömrümize nur çaýýar. Ene keramaty, ene söýgüsi barada söz açylanda, Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndaky rowaýatlar, parasatly pikirler hakyda dolýar. Her bir sözi mekdep bolan enelerimiziň üýtgeşik gudratdygy baradaky pikiriň öňe sürülmegi bilen, kitapda hüwdi ene ýüreginiň owazy hasaplanýar we onuň dünýädäki iň kämil döredilen eserdigi beýan edilýär.

Nepis nagyşly tahýa

Dünýäde her halk özüniň däp-dessurlary, milli gymmatlyklary bilen tanalýar. Türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan, hiç bir halkyňka meňzemeýän gaýtalanmajak sungaty özünde jemleýän milli egin-eşiklerimiz halkymyzyň kalp keşbini açyp görkezýän özboluşly aýnadyr. Gadymdan miras galan milli tahýalarymyzda hem türkmen halkynyň ruhy pelsepesi we ene-mamalarymyzyň çuň zehininden dörän ajaýyp şekiller jemlenendir. Şol şekilleriň her biri ajaýyp eserleri ýada salýar. Tahýalaryň tikilişiniň, bezelişiniň hem özboluşly aýratynlygy bar. Tahýa, esasan, keteni, gyraw ýaly berk matalardan taýýarlanýar. Bir tahýalyk üçin 30-35 sm mata gerek. Tahýa salynýan nagyşlar endigan düşer ýaly we berklik üçin keteniniň aşagyndan hökmany biýz mata goýulýar. Biýz matany hem keteniniň ölçeginde almaly-da, keteni bilen biýz matany bile tutup, elde sanjymlap berkitmeli. Soňra gerek ölçegdäki tahýany biçmeli. Tahýa biçilende iki bölekden ybarat bolup, ýokarky bölegine tahýanyň depesi, aşaky bölegine bolsa etegi diýilýär. Tahýanyň depesi we etegi aýry-aýrylykda biçilýär. Gültahýanyň depesini biçmek üçin keteniden diametri 15 sm bolan tegelegi kesip almaly. Biçilende 1-1,5 sm tikin üçin artyk ýer goýmalydygyny unutmaly däl. Tegelegiň diametrini 14 sm edip, 1 sm çemesini içine eplemeli-de, ýygyja sanjyp, depjemeli. Soňra ketenini iki gat biýz matanyň üstünde goýup, ortasyndan başlap atanaklaýyn

Türkmeniň pirli tamdyry

Ata-babalarymyzyň gadymdan bäri milli mukaddeslikleriniň biri tamdyr — döwletliligiň nyşany hasaplanypdyr. Aslynda, çeşmeleriň beýan etmegine görä, tamdyr otparazlar döwründen gelipdir. Ýagny, «Awesta» kitabynyň bize gelip ýeten böleklerinde äpet ojak bolup, onda-da ot saklanyp, şol ojagy hem zenan maşgala ynanypdyrlar. Äpet ojagyň beýikligi adam boýundan-da belent bolup, ot öçmez ýaly daýaw ýigitler häli-şindi odun oklap durupdyrlar. Äpet ojagyň körükleri bolup, ot diläp gelen zenanlara körükden köz beripdirler. Äpet ojak tamdyra meňzeş bolup, ojak eýesi, ýagny ody saklaýan zenanyň ýüzi ýanmaz ýaly ýaşmak şekilli edilip, agzy-burny saralgy bolupdyr. Meniň bu sözlerim Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrüň manysy» atly kitabyndaky zenan maşgalanyň ýaşmagynyň otparazlar döwründen bäri bardygy hakynda aýdanlaryny ýatladýan bolsa gerek. Ýene bir zat, ilimizde «Oda gelen aýalyň otuz iki agyz sözi bar» diýen atalar sözi hem nahar, çörek bişirmek üçin ot almaga gelen zenanyň özi ýaly ot almaga gelenler bilen hal-ýagdaý soraşyp durýandygy öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Indi tamdyr hakynda aýtsak, ony gurmak üçin ýörite şykgy (toýun) gum saýlanypdyr. Sebäbi şykgy toprakdan gurlan tamdyr berk bolup, çöregiň arkasyna kesek ýokaýanda hem gyjyrdamaýar. Gum getirilenden soň, ilki tamdyr ýeri taýýarlanýar. Ýagny, gum üýşürilip, ýerden bir garyş ýaly beýiklik ýasap, üstüne suw guýup, gumy mazaly ber

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy ähli ynsanlaryň köňlünde uly orun eýeleýär. Şahyryň eserleri ýyllar, asyrlar geçse-de, özüniň gymmatyny ýitirmeýär. Akyldaryň şygyrlarynda öňe sürülýän pikirler umumadamzat gymmatlyklarynyň derejesinde durýar. Çünki akyldar şahyryň döredijiliginiň mazmuny belent adamkärçilik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ýugrulandyr. Magtymgulynyň goşgularynda watansöýüjiligiň belent waspynyň bardygy bolsa onuň gymmatly mirasynyň has-da ýokarydygyny beýan edýär. Türkmen halkynyň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy Watana, onuň abadan, parahat durmuşyna, keremli topragyna bolan beýik söýgä, belent duýga eýlenendir. Magtymgulynyň şygyrlarynyň diňe bir manysy däl, eýsem, çeperçilik serişdeleri, dil baýlyklary hakynda hem bellemek gerek. Goşgularyň çeperçilik taýdan ýokary derejede beýan edilýändigini edebiýatçy alymlaryň işlerinde görmek bolýar. Esasan hem bu goşgularyň halka täsirli bolmagynda türkmen diliniň söz baýlyklarynyň uly orny bar. Şahyr ene dilimiziň söz baýlyklaryny ýerlikli peýdalanyp, döredijiligi bilen baýlaşdyrypdyr. Şeýlelikde, pikirler, setirler sazlaşyp many-mazmun emele gelýär. Şeýle ussatlyk bilen Watanyň waspyny ýetirmegiň özi aýratyn ähmiýete eýedigi bilen tapawutlanýar.

Täze aýdym

«7/24. tm», № 10 (145), 06.03.2023 Her döw­rüň gör­nük­li, unu­dyl­ma­jak ze­hin­li, aý­dym-saz sun­ga­tyn­da meş­hur­lyk ga­za­nan ta­ny­mal adam­la­ry bol­ýar. Şeý­le yn­san­la­ryň keşp­le­ri türk­men su­rat­keş­le­ri­niň dö­re­di­ji­li­gin­de hem my­na­syp be­ýa­ny­ny tap­ýar.

Ýaş halyçylaryň bäsleşigi

2023-nji ýylyň 3-nji martynda Türkmen halysynyň Milli muzeýinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi «Türkmenhaly» döwlet birleşigi bilen bilelikde «Arşyň nepisligi» atly bäsleşik geçirdi. Halkara Zenanlar güni mynasybetli geçirilen bäsleşigiň esasy maksady «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaş gelin-gyzlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekden, olarda zähmetsöýerligi, zenan edebini, türkmen zenanyna mahsus bolan asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemekden, ýaş nesillerde haly sungatyna bolan höwesi artdyrmakdan, halypa halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň kesp-kärini ösüp gelýän ýaş nesillerimizde dowam etdirmekden ybarat.

ÝAŞLARYŇ HUKUK WE AHLAK TERBIÝESINIŇ SAZLAŞYGY

Halkymyzyň nesil terbiýesinde medeni mirasyň, hususan-da, halk nakyllarynyň, nusgawy edebiýatyň, müňýyllyklardan gözbaş alýan milli däpdessurlarymyzyň wajyp orny bar. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatda ky VIII gurultaýyna gatnaşyjylara we ýurdumyzyň ähli ýaşlaryna iberen Gutlagynda: «...Ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmak, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagy, döwrebap bilim almaklaryny üpjün etmek, ýaş nesille ri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek häzir ki döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir» diýip nygtamagy ýaş nesilleriň edep-terbiýeli bolup ýetişmekleriniň ýurdumyzyň ýaşlar syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini doly tassyklaýar.  

Mähirden dörän ebedi eser

Ene bilen baglanyşykly zatlaryň ählisine tebigatyň özi gözellik çaýýar. Özi-de ol gözelligiň täsir ediji güýji, oňa siňen mähriň ýaýraw giňişligi wagt geçdigisaýyn artýar. Munuň şeýledigini bize iň gowy düşündirýän mugallym hem wagt. Ýogsam çagalykdan ululyga barýan ýoluň dürli menzillerinde enäniň gymmaty, ene mähri bilen baglanyşykly sapaklar beýnimize guýla-guýla gelinýär. Eneleriň bu dünýädäki iň eziz ynsandygyna-da düşünip ýaşaýarys. Ýöne şol aýdylanlaryň hakyky güýjüne, hakyky agramyna enelerimiz bilen diňe ýatlamalarda didarlaşmaly döwre gadam basanymyzdan soň doly göz ýetirip ugraýarys. Enelere bagyşlanyp döredilen eserler, kitaplar kän. Olarda enelere bolan söýginiň, hormatyň keşbi dürli pelsepewi pikirleriň üsti bilen suratlandyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby käbelerimize hormat goýmak sungatynyň pelsepe bulagydyr. «Dünýäde meşhur şahsyýetleriň, beýik ynsanlaryň durmuşy dogrusynda dowamata öwrülýän öwütleriň, pentleriň ençemesi taryhdan bellidir. Şolaryň ählisinde bar bolan özara meňzeşlik, mahsuslyk bolsa enä bolan söýgi diýilse, hemmeler munuň bilen ylalaşarlar. «Jennet eneleriň dabanynyň astyndadyr» diýen pähim şu mazmundaky pikirleri ganatlandyrýar. Bu juda täsin hem-de oýlanyşykly, uçursyz üýtgeşik aýdylan sözler. Ene hakynda şeýle pikiri aýtmagyň özi-de mukaddeslige tagzym etmekdir. Adam döräli bäri syrly bolup gelý

Şaý-sepinde aýyň jemaly

Mamasy Owadan daýzanyň hem-de mähriban ejesi Dürli gelnejäniň: «Zergär boljak bolsaň, eliň hem ýüregiň arassa bolmaly. Bu senetde halallyk möhüm» diýen sargytlary bilen kesbinden kemal tapan Aýjemal zergär bolmaz ýaly däl. Sebäbi onuň altyndan ýüregi, kümüş deý päk kalby bar. Diňe şeýle owadan kalply zenan gözellikleri döredip biler. Onuň ýasan şaý-seplerine seredip, mähriň gananok. Aýjemal olara altyn däl-de, Aýyň jemalyny çaýan ýaly. Ol zergärçilik senedinde misli türkmen keşdesiniň Ogulbaýram Kulyýewasy ýaly inçeligi, nepisligi tug edinýär. Aýjemalyň elinde kümüş parçalary gaty metal däl-de, ýumşajyk mahmal ýaly. Ulanýan gurallary edil iňňe bilen oýmak ýaly ussadyna boýun bolýar. Onuň ýasan şaý-sepleri gelin-gyzlarymyzy has-da zyba görkezýär. Ol Agaýunus perä, Daýa Hatyna, Harmandälä, Saýat hana, Tumar şa, hatda ertekidäki Akpamyjagymyza çenli şaý-sep baryny ýasady. Onda-da nä şaý-sepler! Onuň «Monjugatdy» eserini synlap: «Diňe birje monjuk ýetenok, olam göz monjugy» diýip pikir edýärsiň. Şonuň üçinem zandy zehinli, ussat zergär Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň mugallymy Aýjemal Çaryýewa bilen taýýarlan söhbetdeşligimizi size ýetirýäris. — Aýjemal, Magtymguly Pyragynyň: «Meňli gyzyň ýüzügine // Gaşlar goýsam kümüş bilen» diýen setirleri bar. Sen haýsy zenan üçin şeýle diýip bilerdiň?

Halypalaryň ýaşlyk albomyndan

Suratda: Maýa Mülkiýewa sahna çykmazyndan öň. 1972 ý. Öz döwründe milli estrada sungatymyzyň ösmegine goşant goşanlaryň biri-de halypa aýdymçy Maýa Mülkiýewadyr. 1968 — 1972-nji ýyllarda häzirki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby bolan Maýa Mülkiýewa ýurdumyzyň belli kompozitorlarynyň döreden «Ýara garaşýan», «Dillen, läläm», «Ýollar bizi duşurmazmy?», «Gelmediň» ýaly aýdymlary bilen diňleýjileriň ýüreginden hemişelik orun aldy. Ol uzak ýyllar Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 4-nji orta mekdebinde mugallym bolup işlemek bilen, ýaş nesillere bilim we terbiýe bermekde, olaryň sungata bolan höwesini ýüze çykarmakda uly hyzmatlary bitirdi.

Eneler — durmuşymyzyň bezegi

Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer syýasaty ýurdumyzda her bir adamyň we raýatyň hukuklaryny amala aşyrmaga, adalatly jemgyýetde bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň zenanlara hormat goýmak, olaryň sapaly durmuşda bagtyýar ýaşamaklary, iş-durmuş üpjünçiliklerini goramak boýunça döwlet derejesindäki beýik işleri hormatly Prezidentimiziň yhlasly tagallalary bilen üstünliklere beslenýär.

Halypa-şägirtlik ýoly

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly eserinde: «Ruhy gymmatlyk bolup orta çykmak bilen, sopuçylyk taglymaty ynsany ýagşy ahlaklylyga we wyždan päkligine ugrukdyrypdyr, jemgyýeti ýaramaz endiklerden daşlaşdyrypdyr» diýip belleýşi ýaly, sopuçylyk taglymaty akyldar şahyrymyzyň döredijiligine-de düýpli täsirini ýetiripdir. Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsindäki ylhamlanmak hadysasynyň onuň gören täsin düýşleri bilen utgaşdyrylmagy has-da özüne çekijidir. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Magtymgulynyň düýşlerindäki ahwalyny beýan edýän şygyrlarynyň birinde düýşünde Bahaweddin Nagyşbendini görendigini beýan edýär.

Tazy — halk seçgiçiliginiň ajaýyp nusgasy

Gahryman Arkadagymyz «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Ýer ýüzünde ýaşaýan şu haýwanlaryň gelip çykyş taryhy diňe türkmen halky bilen baglanyşyklydyr hem-de olar diňe şu mekanda, şu topragyň üstünde ösüp-örňäpdir, şu halkyň ady bilen äleme äşgärdir. Olar ahalteke bedewi, ýomut aty, türkmeniň arwana düýesi, türkmen tazysy, türkmen saryja goýny hem-de türkmen alabaýy hasaplanýar» diýip nygtaýar. Türkmenistanyň çäginde tazylaryň ulanylmagy bilen bagly arheologik maglumatlar irki döwürlere degişlidir. Mälim bolşy ýaly, Pessejikdepäniň diwar bezeglerinde şekillendirilen aw manzarasynda tazynyň keşbini mesaňa synlap bolýar. Şeýle gyzykly maglumatlar Altyndepeden we Dehistandan ýüze çykarylan arheologik tapyndylarda hem duş gelýär. Alymlar türkmen tazysynyň döreýşini alabaý itler bilen baglanyşdyrýarlar.

Görelde mekdebiniň gönezligi

Türkmen zenanlary el hünärleri bilen dünýä meşhurdyrlar. Olaryň çeper ellerinden dörän ajaýyp halylar, keşdeler, el işleri görenleri haýrana goýýar. Her bir zenan öý-ojagynyň bikesi we göreldäniň, terbiýäniň mekdebidir. Şol sebäpden zenan gözelligi, ilki bilen, onuň edebidir, hünäridir. Öý-ojaklaryň ýaraşygy bolan zenanlarymyz asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip, kämil derejä ýetirilen däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirýärler. Durmuşymyzyň bezegi hasaplanylýan zenanlarymyza nesil terbiýesiniň hem agramly bölegi düşýär. Bu jogapkärçilikli işde mugallym zenanlaryň paýy has-da uludyr. Şeýle mugallymlaryň biri — Saýat etrabyndaky 41-nji orta mekdebiň mugallymy Aýjemal Haýtgulyýewa hem ýaş nesle diňe bilim-terbiýe bermek bilen çäklenmän, eýsem, ýaşlara hünär öwretmegiň ussady hasaplanylýar. Mekdebiň gyzlary Aýjemal mugallyma öz ejesi ýaly höwrügipdirler.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Edebiýatda şahyryň çeper keşbi 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde giňden bellemäge uly taýýarlyk görülýär. Gündogaryň beýik akyldary, söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebiýatda çeper keşbini döretmek geçen asyryň 40-njy ýyllaryndan başlanypdyr. Muňa türkmen edebiýatynyň taryhynda öçmez yz galdyran, halkyň çuňňur söýgüsine mynasyp bolan ajaýyp ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň “Kitap” hekaýasyny mysal getirmek bolar. Bu eserde türkmen halkynyň Magtymgula, onuň ajaýyp eserlerine bolan belent sarpasy, teşneligi, hat-sowatdan başy çykmaýan, sada oba ýaşulusy Welmyrat aganyň Magtymgulynyň goşgular kitabyny bar baýlygy bolan guba düýesine çalyşmagy, eden söwdasyndan onuň juda hoşaldygy ussatlyk bilen beýan edilýär. Welmyrat aganyň: “Bu kitabyň her sözi bir düýä degýändir” diýmegi, diňe bir onuň däl-de, tutuş halkyň sözi bolup ýaňlanýar.

Leçek toýy

Däp-dessurlarymyzyň arasynda gadymylygy, özboluşlylygy, aýratynlygy we seýrekligi bilen tapawutlanýan, uludan tutulýan toýlarymyzyň biri-de leçek toýudyr. Leçek toýy ýurdumyzyň gündogar sebiti bolan Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň iň gadymy toý dabaralarynyň biri bolup durýar. «Leçek» köne söz bolup, ol gündogarda «Seçekli gyňaç, ýaglyk» manysynda ulanylýar. Leçegiň ak, gyzyl, sary reňkli görnüşleri bolup, olar ýaş aýratynlygyna görä ulanylypdyr. Öňki döwürlerde leçegiň narynç, elwan görnüşini ýaş gelinler, sarysyny orta ýaşly gelinler, gartaşan zenanlar bolsa, ak reňklisini atynypdyrlar. Şunuň bilen bagly dessurlaryň berjaý edilýän dabarasyna «leçek atma dessury», oňa bagyşlap tutulýan toýa «Leçek toýy» diýlip at berlipdir. Bu toýa diňe zenanlar gatnaşýarlar.