Halypalaryň ýaşlyk albomyndan

2 Mart 2023
751

Suratda: Maýa Mülkiýewa sahna çykmazyndan öň. 1972 ý.

Öz döwründe milli estrada sungatymyzyň ösmegine goşant goşanlaryň biri-de halypa aýdymçy Maýa Mülkiýewadyr. 1968 — 1972-nji ýyllarda häzirki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby bolan Maýa Mülkiýewa ýurdumyzyň belli kompozitorlarynyň döreden «Ýara garaşýan», «Dillen, läläm», «Ýollar bizi duşurmazmy?», «Gelmediň» ýaly aýdymlary bilen diňleýjileriň ýüreginden hemişelik orun aldy. Ol uzak ýyllar Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 4-nji orta mekdebinde mugallym bolup işlemek bilen, ýaş nesillere bilim we terbiýe bermekde, olaryň sungata bolan höwesini ýüze çykarmakda uly hyzmatlary bitirdi.