Dünýämiz hemişe mähir bilen çoýulsyn!

7 Mart 2023
607

Ene söýgüsini bütin kalby bilen syzan ynsan üçin ýaşaýşyň ähli pursatlarynda diňe söýgi höküm sürýär. Ejelerimiz bizi söýýär hem bize söýmegi öwredýär. Ene söýgüsi hemişe biziň ýüregimizde ýaşaýar. Eneleriň beren söýgi sapagyny biz öz perzentlerimizde dowam etdirýäris. Ene söýgüsi bize güýç-kuwwat berse, perzent söýgüsi bizi ýaşadýar. Ene hem perzent söýgüsi ýaşaýşyň dowamaty bolup, bakylyk owazyna eýlenýär. Durmuşynda şol ylahy owaz bolan adamlar bagtlydyrlar. Biziň üçin enäniň adynda söýginiň iň beýik şöhlelenmesi bar. Bütin barlygy mähir bilen ýyladyp duran ejelerimiz bize söýgi sapagyny berýän ilkinji mugallymlardyr. Iň beýik söýgi ene ýüreginden gaýdyp, ömrümize nur çaýýar.

Ene keramaty, ene söýgüsi barada söz açylanda, Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndaky rowaýatlar, parasatly pikirler hakyda dolýar. Her bir sözi mekdep bolan enelerimiziň üýtgeşik gudratdygy baradaky pikiriň öňe sürülmegi bilen, kitapda hüwdi ene ýüreginiň owazy hasaplanýar we onuň dünýädäki iň kämil döredilen eserdigi beýan edilýär.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».