Başa kürte atyp, keteni geýseň...

7 Mart 2023
599

Gadymy hem-de müdimi halkymyzyň asyrlaryň aňyrsyndan, ýüzläp-müňläp geçen heňňamlaryň jümmüşinden edil Gün kibi parlap dogan, paýhaslaryň gazanyndan gaýnap çykan polatdan berk, gülden näzik edim-gylymy islendik adamy düýrmegi bilen özüne çekýär. Bu babatda pederlerimiz dünýäde adam zähmeti siňdirilip, uly arzuw bilen ýetilen zatlaryň gadyr-gymmatyny duýmagy, mukaddeslikleri aýap saklamagy nesillerine ündäpdirler. Çünki şol aýalyp, goralyp geljekki nesillere ýetirilmeli mukaddesliklerde, ruhy we maddy gymmatlyklarda biziň milliligimize mahsus ajaýyplyklaryň özeni, özi saklanýar.

Ene-mamalarymyzyň sünnäläp, şu günlere ýetiren şeýle gymmatlyklarynyň biri bolan keteni baradaky ýatlamalarym meni çagalyk günlerime dolaýar.

Aýnabat ATAÝEWA,
«Bereketli toprak».