Mähirden dörän ebedi eser

2 Mart 2023
786

Ene bilen baglanyşykly zatlaryň ählisine tebigatyň özi gözellik çaýýar. Özi-de ol gözelligiň täsir ediji güýji, oňa siňen mähriň ýaýraw giňişligi wagt geçdigisaýyn artýar. Munuň şeýledigini bize iň gowy düşündirýän mugallym hem wagt. Ýogsam çagalykdan ululyga barýan ýoluň dürli menzillerinde enäniň gymmaty, ene mähri bilen baglanyşykly sapaklar beýnimize guýla-guýla gelinýär. Eneleriň bu dünýädäki iň eziz ynsandygyna-da düşünip ýaşaýarys. Ýöne şol aýdylanlaryň hakyky güýjüne, hakyky agramyna enelerimiz bilen diňe ýatlamalarda didarlaşmaly döwre gadam basanymyzdan soň doly göz ýetirip ugraýarys.

Enelere bagyşlanyp döredilen eserler, kitaplar kän. Olarda enelere bolan söýginiň, hormatyň keşbi dürli pelsepewi pikirleriň üsti bilen suratlandyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby käbelerimize hormat goýmak sungatynyň pelsepe bulagydyr. «Dünýäde meşhur şahsyýetleriň, beýik ynsanlaryň durmuşy dogrusynda dowamata öwrülýän öwütleriň, pentleriň ençemesi taryhdan bellidir. Şolaryň ählisinde bar bolan özara meňzeşlik, mahsuslyk bolsa enä bolan söýgi diýilse, hemmeler munuň bilen ylalaşarlar. «Jennet eneleriň dabanynyň astyndadyr» diýen pähim şu mazmundaky pikirleri ganatlandyrýar. Bu juda täsin hem-de oýlanyşykly, uçursyz üýtgeşik aýdylan sözler. Ene hakynda şeýle pikiri aýtmagyň özi-de mukaddeslige tagzym etmekdir. Adam döräli bäri syrly bolup gelýän sowalyň çözgüdi hem şol jümlede jemlenipdir».

Ogulmaýsa ALLABERDIÝEWA,
«Edebiýat we sungat».