Nepis nagyşly tahýa

7 Mart 2023
623

Dünýäde her halk özüniň däp-dessurlary, milli gymmatlyklary bilen tanalýar. Türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan, hiç bir halkyňka meňzemeýän gaýtalanmajak sungaty özünde jemleýän milli egin-eşiklerimiz halkymyzyň kalp keşbini açyp görkezýän özboluşly aýnadyr. Gadymdan miras galan milli tahýalarymyzda hem türkmen halkynyň ruhy pelsepesi we ene-mamalarymyzyň çuň zehininden dörän ajaýyp şekiller jemlenendir. Şol şekilleriň her biri ajaýyp eserleri ýada salýar.

Tahýalaryň tikilişiniň, bezelişiniň hem özboluşly aýratynlygy bar. Tahýa, esasan, keteni, gyraw ýaly berk matalardan taýýarlanýar. Bir tahýalyk üçin 30-35 sm mata gerek. Tahýa salynýan nagyşlar endigan düşer ýaly we berklik üçin keteniniň aşagyndan hökmany biýz mata goýulýar. Biýz matany hem keteniniň ölçeginde almaly-da, keteni bilen biýz matany bile tutup, elde sanjymlap berkitmeli. Soňra gerek ölçegdäki tahýany biçmeli. Tahýa biçilende iki bölekden ybarat bolup, ýokarky bölegine tahýanyň depesi, aşaky bölegine bolsa etegi diýilýär. Tahýanyň depesi we etegi aýry-aýrylykda biçilýär. Gültahýanyň depesini biçmek üçin keteniden diametri 15 sm bolan tegelegi kesip almaly. Biçilende 1-1,5 sm tikin üçin artyk ýer goýmalydygyny unutmaly däl. Tegelegiň diametrini 14 sm edip, 1 sm çemesini içine eplemeli-de, ýygyja sanjyp, depjemeli. Soňra ketenini iki gat biýz matanyň üstünde goýup, ortasyndan başlap atanaklaýyn kök atmaly hem-de gyrasyny içlige depjemeli.

Jeren ÖWEZOWA,
Magtymguly adyndakyTürkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.