Leçek toýy

28 Fewral 2023
703

Däp-dessurlarymyzyň arasynda gadymylygy, özboluşlylygy, aýratynlygy we seýrekligi bilen tapawutlanýan, uludan tutulýan toýlarymyzyň biri-de leçek toýudyr.

Leçek toýy ýurdumyzyň gündogar sebiti bolan Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň iň gadymy toý dabaralarynyň biri bolup durýar. «Leçek» köne söz bolup, ol gündogarda «Seçekli gyňaç, ýaglyk» manysynda ulanylýar. Leçegiň ak, gyzyl, sary reňkli görnüşleri bolup, olar ýaş aýratynlygyna görä ulanylypdyr. Öňki döwürlerde leçegiň narynç, elwan görnüşini ýaş gelinler, sarysyny orta ýaşly gelinler, gartaşan zenanlar bolsa, ak reňklisini atynypdyrlar. Şunuň bilen bagly dessurlaryň berjaý edilýän dabarasyna «leçek atma dessury», oňa bagyşlap tutulýan toýa «Leçek toýy» diýlip at berlipdir. Bu toýa diňe zenanlar gatnaşýarlar.

Suraý ÄRSARYÝEWA,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.