"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Söz manysy

Egdi Golaýda dostum bilen olaryň obasyna gitdik. Baranymyzda onuň kakasy melleginde işläp ýör ekeni. Biz bilen gadyrly salamlaşyp, hal-ahwal soraşandan soň ol dostuma ýüzlendi:

Şan-şöhraty dünýä dolan Pyragy

Şu gün, ýagny 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi mynasybetli Şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasy bolup geçdi. Akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna taýýarlyk görülýän günlerde geçirilen dabara ýurdumyzyň medeniýet, sungat, döredijilik işgärlerini bir supranyň başyna jemledi. Magtymguly atamyzyň pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlary halkymyzyň ruhy dünýäsinde mynasyp orun aldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde beýik söz ussadynyň şan-şöhraty dünýä dolýar. Dana Pyragynyň ajaýyp şygyrlary dünýä dillerine terjime edilip, belent heňde aýdym bolup ýaňlanýar. Beýik akyldaryň doglan gününiň ýubileý senesi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň dürli döwletlerinde hem uludan belleniler. Dabarada çykyş edenler bular dogrusynda, şeýle-de şahyryň ömri we döredijiligi barada giňişleýin durup geçdiler. Şeýle-de çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly ajaýyp goşgusynyň akyldar şahyra belent sarpanyň nyşanydygy, onuň her bir setiriniň çuňňur many-mazmuna eýe bolup, ata Watanymyza, ene topragymyza belent söýginiň beýanydygy buýsançly bellenildi.

Keşdeçilik sungatyna bagyşlandy

Hepdäniň çarşenbe güni paýtagtymyzyň «Gül zemin» toý mekany ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen gelin-gyzlary bir supranyň başyna jemledi. Bu ýerde «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly döwlet derejesinde geçirilen bäsleşigiň jemleýji tapgyry boldy. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramaklarynda geçirilen bäsleşik örän şowhunlylygy bilen tapawutlandy.

Köňülde Watan yşky — başynda şygyr täji

Ähli köňülleriň, döwürleriň we ömürleriň barlygyndan ýer alyp, şygryýet äleminiň ruhy täjini geýen Magtymguly Pyragy ajaýyp eserleri bilen dünýäniň bakylygyna öwrülen akyldardyr. Ol barlyga akyl ýetirmegiň, dünýä paýhas gözi bilen seretmegiň, ynsany iň ýokary gymmatlyk derejesine çykarmagyň idealyna öwrülipdir. Ata Watany, ene topragy, il-gününi söýmegiň kämil nusgasyna öwrülipdir. Döreden şygyrlary bilen döwürleriň içinden parran geçmek başarnygyna eýe bolan akyldar Watan mertebesini nesillere dabaralandyrmagy başarypdyr. Dostlar-a, dostum meniň jandan şirin söýgülidir,Jan kibi pynhan jahanda äleme belgilidir

Nesillere nusgalyk ömür

Wagt 01 sagat 12 minut... Berdimuhamet näme bolup geçenini aňşyryp ýetişmedi. Jaýyň ara oklarynyň kerpiçleri üstüne güpürdäp gaýtdy. Gapdaldaky penjiräniň aýnalary çym-pytrak bolup dargady. Kerpiçleriň aşagynda galan mugallym kellesiniň erbet agyrysyndan ýaňa huşuny az salymlyk ýitirdi...

Hakyda

Ýeňiş üçin bilin guşan eneleňOrak bilen gamyşdandy guşagy.Kynçylykda, agyr günde bekedi, Ýassygy dessedi, syrkyn düşegi. Gerdeninde iner ýükün göterip,Şol agyr günleriň jepasyn çekdi.Gerek bolsa ýeňiş üçin ýaýdanman,Dagdan agyr daş düşürip biljekdi.

Şöhratly taryhyň öçmejek ýaňy

Umman ýaly giň manyly şygyrlary bilen meşhur bolan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň gadam basan ýerlerinde bolmak, zähmet çekmek biz üçin uly bagtdyr. Etrabymyzda dana şahyrymyzyň bilim alan ojaklarynyň biri bolan Idris baba medresesi ýerleşýär. Bu ýer iň gelim-gidimli ýerleriň biri. Medresäniň öňündäki 300 ýyl töweregi ýaşan goja tut agajy hem ruhy atamyz Magtymguly Pyragynyň şu medresede okan döwürlerinde ekilipdir. Ony medresäniň hatdady Nyýazguly halypa ekipdir diýýärler. XVII asyra degişli bolan ýokarsy gümmezli, bişen gyzyl kerpiçden bina edilip, beýikligi 7-8 metr bolan Idris baba medresesinde bolanyňda, üýtgeşik duýgular kalbyňa dolýar.

MÄHREM ELLERIŇ WASPY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstümizdäki ýylyň şygarynyň hormatly Prezidentimiziň ady bilen baglanyşdyrylmagy biziň her birimizi asylly işlere ruhlandyryp, göwünlerimize ganat, arzuw-niýetlerimize belent bat berýär. Bu işler ýaş türkmenistanlylary Watanymyzyň we halkymyzyň ýagty geljeginiň bähbidine täze üstünliklere ruhlandyrýar. Türkmenistanyň medeni syýasaty, döwletiň daşary syýasatynda dostlugyň has-da pugtalandyrylmagyna, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hyzmat etmek bilen, bütin dünýä medeni siwilizasiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Halkara maslahatlaryň, forumlardyr festiwallaryň ýurdumyzda yzygiderli geçirilmegi mukaddes Watanymyzyň şöhratly taryhyny dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýedir.

MAGTYMGULY PYRAGY: MILLI TERBIÝE WE ÝAŞLAR

Bu günki gün Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ýaşlaryň dilinde we ýüreginde ýaşaýar. Şahyryň goşgulary türkmen halkyna iň çylşyrymly ýylla r da, şöhratly we ýeňişli günlerde-de ruhy taýdan goldaw beripdir. Hormatly Prezidentimiz türkmen jemgyýetiniň ruhy galkynyşyny üpjün etmekde bahasyna ýetip bolmajak eserler döreden akyldarlarymyzyň atlaryny ebedi şöhratlandyrýar. Gündogar nusgawy edebiýatynda çeper eserleri bilen türkmeniň adyny belende galdyran köp sanly şahyrlaryň, alymlaryň we akyldarlaryň atlary hakydalarda baky ýaşaýar. Şeýle ägirt zehinleriň biride eserleri dünýä medeni mirasynyň genji hazynasyna giren Magtymguly Pyragydyr. Ýüz ýyllyklaryň dowamynda türkmen halkynyň ruhy teşneligini ajaýyp we sagdyn pikirleri bilen gandyryp, ruhy lezzet berýän Magtymguly Pyragynyň şygyrlary türkmen pelsepesini mazmun taýdan baýlaşdyrdy. Akyldar şahyryň edebi mirasy köp öwüşginli bolup, onda şöhlelenmedik mesele az bolsa gerek. Jemgyýetiň ruhy sütünini emele getirýän milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy, taryhymyzy we edebiýatymyzy bilmek adamyň bilim sowatlylygynyň, watansöýüjilik, halka wepalylyk ýaly ahlak çeşmeleriniň kämilleşmegine ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz beýik şahyryň edebi mirasynyň biziň üçin özboluşly terbiýe mekdebidigini bellemek bilen, akyldaryň ynsanperwer ýörelgeleri esasynda birnäçe asyrlaryň dowamynda nesilleriň terbiýelenip gelnendigini yzygiderli nyg

Läle-reýhan keşdeler

Gül keşdeler zenanlarymyzyň ýürek mukamy, durmuş hakyndaky şirin aýdymy. Ene-mamalarymyz ýaňy gulpagy örüme girenden gyz perzendiň eline iňňe berip, el işini öwredýärler.  Ýaş gyzlar keşde çekmek, alaja örmek, aldymgaç kakmak, jähek çalmak ýaly el işlerini hem öwrenýärler. Ussat ene-mamalarymyzyň çeper elleri bilen döreden nepis, inçe keşdeleri nesilme-nesil dowam edip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Hiç bir zady synçy nazaryndan sypdyrmadyk ene-mamalarymyz edilen işlere ser salyp, gyzlaryň elleriniň çeperligini anyklapdyrlar. Şu gün – 4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda «Gülzemin» söwda we dynç alyş merkezinde geçirilen «Türkmen keşdeçilik sungaty – milli mirasymyz» atly bäsleşik hem zehinli keşdeçilerimizi ýüze çykarmagy maksat edindi. Zenanlaryň başarnygyny we ukybyny açyp görkezmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşikde Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilen deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyrynda çykyş etmäge mynasyp görlen zenanlar gatnaşdy.

Halypasyz ussa bolmaz

Öz hünärini ýaşlara öwretmekde yhlasyny gaýgyrmaýan senetçileriň biri-de Magtymguly etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Maksat Şyhyýewdir. Şol etrabyň 1-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Guwanç Hywalyýew bolsa ussat mugallymyň ynam bildirýän şägirtleriniň biri. Guwanç halypasyndan agaçdan heýkel ýasamagyň inçe ýollaryny öwrenýär. Ol halypasy bilen bilelikde ýurdumyzda gurnalýan sergiler gatnaşýar. Ol Watanymyzyň Garaşsyzlygyna bagyşlap köpsanly heýkel işlerini döredipdir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýy mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäklerinde guralan sergilerde-de Guwanç halypasy bilen bile täze ýasan heýkellerini halk köpçüligine görkezdi. Halypasynyň aýtmagyna görä, şu günler  ýaş şägirt Magtymgulynyň daga siňen keşbine bagyşlap täze heýkeliň üstünde işleýär. M.Şyhyýew öz şägirdiniň geljekde göreldeli heýkeltaraş bolup ýetişjekdigine uly ynam bildirýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan halypa-şägirtlik ýörelgesiniň ajaýyp miwesidir.

Sungata nur çaýýan bezeg alajam

"Alajam -- ak bagta ynamym meniň" atly bäsleşige Ene-mama yhlasyndan ýol alan,Söýgi, ynam, mähir bilen saralan,Milliligiň münberinde ýer alan,Göwnümiň guwanjy gözel alajam,Sungata nur çaýýan bezeg alajam.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi

Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi», Türkmenistanyň Özbegistan hem-de Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» köptaraplaýyn hödürnamalary, şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bu çözgüt ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy baradaky komitetiniň 2023-nji ýylyň  10 — 25-nji sentýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen 45-nji mejlisiniň dowamynda biragyzdan kabul edildi. Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň maýynda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi hem ähli watandaşlarymyz üçin buýsançly waka boldy.

Gadymdan galan nusgalar

Nepisligiň ähli inçeliklerini özünde jemleýän milli nagyşlarymyzyň aglabasyna alaja nagşy salynýar. Alaja — zenanlarymyzyň ajaýyp sungaty. Irki döwürlerden bäri alaja milli medeniýetimiziň içinden eriş-argaç bolup geçipdir we häzirki wagtda hem bu el işini gelin-gyzlarymyz dowam etdirýär. Zenanlarymyzyň döredýän alajasynda ruhy güýç bar. Alajalar, gözüň agy-garasynyň keşbi. Şonuň üçin alajada ala gözleriň owadanlygy ýaly täsin gözellik bardyr.Gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan türkmen zenanynyň döredýän alajasy syrly sungat. Zenanlarymyzyň döredýän alajalary eziz Diýarymyza daşary ýurtdan gelýän myhmanlardyr jahankeşdeleriň hem ünsüni bada-bat özüne çekýär. Olar alajalary höwesli synlap, guwanç bilen alyp goşarlaryna, boýunlaryna dakýarlar. Munuň özi halkymyzyň milliligine dünýä halklarynyň goýýan sarpasydyr. Alajany örmek we işmek örän gyzykly el işidir. Eneler gyzlaryna, ýeňňeler bolsa baldyzlaryna alaja örmegi öwredýärler. Şeýdip alaja sungaty nesilden-nesle geçirilýär. Alajanyň ýönekeý görnüşini örmek üçin ak, gara sapaklary ulanmak ýeterlikdir. Sapagy elimize alyp, ony agaç bölegine ýa-da biriniň barmagyna saramaly. Alajanyň gözegelüwli bolmagy üçin garadyr ak sapaklaryň gatlanyşy deň bolmaly. Ilki gara sapagyň ujuny eliň aýasynda saklap, çepden saga, onsoň ak sapagyň ujuny eliň aýasynda saklap, tow berip, soňra iki sapagyň uçlaryny jüp tutup, sagdan çepe tow bermeli. Alaja

Halypalaryň ýaşlyk albomyndan

1990-njy ýylda Müsür Arap Respublikasynyň paýtagty Kairde geçirilen halkara kinofestiwalda halypa kinorežissýor Halmämmet Kakabaýewiň surata düşüren «Ogul» atly çeper filmi «Altyn piramida» diýen baş baýraga mynasyp bolupdy. Suratda: filmiň režissýory Halmämmet Kakabaýew bilen filmde baş gahrymanyň keşbini janlandyran Sahysalyh Baýramow.

Kalba siňen aýdymlar

Suratda: Ýazmyrat Esenow maşgalasy Täçsoltan bilen (1961 ý). Halk arasynda giňden meşhur bolan aýdymlaryň aglabasyny döreden zehinli kompozitor Ýazmyrat Esenow 1943-nji ýylda Gyzylarbat etrabynyň Janahyr obasynda dünýä inýär. Çagalykdan aýdym-saza höwesli bolan oba oglany bu ugurdan ýörite bilim almak üçin Aşgabatdaky şol wagtky Gara Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumyna okuwa girýär. Okuwyny üstünlikli tamamlandan soň, Gyzylarbat etrap medeniýet öýüniň direktory wezipesine bellenilýär. Şol ýyllar ol bu ýerde «Damana» halk saz gurallary we «Sähra mukamlary» ýaly ansambllary döredýär.

«Goýaňa gulan ýagy...»

«Agşam çygy samany ýumşadýar» diýip, goýny tomusda gije gezdirip, gündiz gabalansoň, çopanam ukusyny gündize geçirýär. Daşyna petde aýlanyp her ýerden körük goýlan çertegimizde ýaňy bir gyşarypdyk welin, itleridir mallary örüzip geldi «UAZ-69» ulagy. Hangöter edibem gaňňyl bolan birini düşürdiler çertege. «Guragyry büren inimizi bejerip bersin, gyzgyn çägä gömsün» diýip, Ata aga ugratdy» diýibem çopanyň uguny ýekelediler. Çopan hassany synlap birneme oturansoň: «Munuň suwy sykylypdyr, indem gyzgyn çägä gömseň heläk bolar. Onsoňam ýigitde guragyry däl-de, goýaň bar. Damarlaryny gatyja üşedipdir. Ine, şu ýerlere goýnuň guýruk ýagyny ýuka kesip, gyzdyryp, dözer-dözmez edip basmaly. Gulanyň ýagyny siňdirip, owkalap, tebibiň tapbady bilenem ýumşatmaly. «Gulan ýagy gurat eder» diýipdirler. Bu gulan ýagy hem 1969-njy ýylyň garly, gazaply gyşyndan galypdy maňa. Şol ýyl gyrda galan 5-6 sany gulanyň üstünden baryp, «Aw eti porsamasa halaldyr» diýip, etini, iri ýilikli süňklerini gaýnadyp-gaýnadyp ýagyny aldyk. Ine, gulanyň ýagy şu» diýip, aýna gapdan ýag çykaryp, dertlä em etmäge başlady. Ýag bilen ýagşy owkalap, sypalap ýumşadansoňam, aýagynyň başam hem külembike barmaklarynyň aşak ýüzüni ýiti päki bilen dilip, jübtek bilen çekip daşy iriňli, uzynja gök sapak ýaly zady çekip çykardy... ...Bu wakadan ýarym asyr geçensoň, bagtyýarlyk döwründäki täze dermanhanalaryň birinde ýüzi arapçamy,

Dürler hazynasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi çuňňur öwrenilýär we onuň mertebesine belent sarpa goýulýar. Gahryman Arkadagymyz akyldar şahyrymyzyň şahyrana dünýäsiniň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen ruhunyň synmaz sütünine öwrülendigini belläp, söz ussadynyň döredijiligine ýokary baha berýär. Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň ady dürli dillerde ýaňlanýar. Akyl-paýhasyna sarpa goýlup, hormatyna bagyşlanyp ýurdumyzda, şeýle-de dünýäniň dürli künjeklerinde Magtymguly Pyragynyň heýkelleri oturdylýar. Türkmenistanyň taryhyny öwrenmek, milli medeniýetimizi ösdürmek we türkmen şahyrlarynyň döredijilik mirasyny wagyz etmek boýunça Magtymguly adyndaky Halkara baýragy döredildi. Türkmen döwlet uniwersitetine, Türkmenistanyň milli sazly-drama teatryna, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky obalara, şaýollara şahyryň ady dakyldy. Türkmenistanyň ýaşlar guramasy hem akyldar şahyrymyzyň adyny göterýär. Her ýyl ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenilmegi-de akyldar şahyrymyzyň halkymyzyň arasynda çuňňur hormatlanylýandygyny äşgär edýär.

Köptaraplaýyn hödürnamalaryň ikisi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda

Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde taýýarlan «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi» hem-de «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgütler ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji giňişleýin mejlisiniň barşynda biragyzdan kabul edildi. Mälim bolşy ýaly, 22-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 10 — 25-nji sentýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji giňişleýin mejlisiniň geçirilýändigi bellenilip, onuň barşynda Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagynda hödürlenen «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi» hem-de «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgütleriň biragyzdan kabul edilendigi aýdyldy.

Milli oýunlaryň ähmiýeti

Türkmen milli oýunlary gözbaşyny taryhyň gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Bu oýunlar diýseň köpdürlidir. Olardan «Aýterek-Günterek», «Ogar-ogar», «Altyçöp», «Gubagazlar», «Ýaglyga towusmak», «Guýruk tutdy», «Düzzüm», «Ýeditop», «Bukuldym», «Gizlenpeçek», «Doňy çöz», «Çilik», «Aşyk», «Dähedem dessem» ýaly oýunlary görkezmek bolar. Halk oýunlarynyň hem-de sport güýmenjeleriniň aýry-aýry görnüşleri häzirki wagtda resmi sport görnüşleri derejesine eýe boldy. Şolar boýunça milli ýaryşlar hem-de halkara çempionatlar geçirilýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, milli göreş, at çapyşyklarydyr.