Läle-reýhan keşdeler

4 Oktýabr 2023
1444

Gül keşdeler zenanlarymyzyň ýürek mukamy, durmuş hakyndaky şirin aýdymy. Ene-mamalarymyz ýaňy gulpagy örüme girenden gyz perzendiň eline iňňe berip, el işini öwredýärler.  Ýaş gyzlar keşde çekmek, alaja örmek, aldymgaç kakmak, jähek çalmak ýaly el işlerini hem öwrenýärler. Ussat ene-mamalarymyzyň çeper elleri bilen döreden nepis, inçe keşdeleri nesilme-nesil dowam edip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Hiç bir zady synçy nazaryndan sypdyrmadyk ene-mamalarymyz edilen işlere ser salyp, gyzlaryň elleriniň çeperligini anyklapdyrlar.

Şu gün – 4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda «Gülzemin» söwda we dynç alyş merkezinde geçirilen «Türkmen keşdeçilik sungaty – milli mirasymyz» atly bäsleşik hem zehinli keşdeçilerimizi ýüze çykarmagy maksat edindi. Zenanlaryň başarnygyny we ukybyny açyp görkezmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşikde Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilen deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyrynda çykyş etmäge mynasyp görlen zenanlar gatnaşdy.

«Zenan kalby».