Halypasyz ussa bolmaz

3 Oktýabr 2023
730

Öz hünärini ýaşlara öwretmekde yhlasyny gaýgyrmaýan senetçileriň biri-de Magtymguly etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Maksat Şyhyýewdir. Şol etrabyň 1-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Guwanç Hywalyýew bolsa ussat mugallymyň ynam bildirýän şägirtleriniň biri. Guwanç halypasyndan agaçdan heýkel ýasamagyň inçe ýollaryny öwrenýär. Ol halypasy bilen bilelikde ýurdumyzda gurnalýan sergiler gatnaşýar. Ol Watanymyzyň Garaşsyzlygyna bagyşlap köpsanly heýkel işlerini döredipdir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýy mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäklerinde guralan sergilerde-de Guwanç halypasy bilen bile täze ýasan heýkellerini halk köpçüligine görkezdi.

Halypasynyň aýtmagyna görä, şu günler  ýaş şägirt Magtymgulynyň daga siňen keşbine bagyşlap täze heýkeliň üstünde işleýär. M.Şyhyýew öz şägirdiniň geljekde göreldeli heýkeltaraş bolup ýetişjekdigine uly ynam bildirýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan halypa-şägirtlik ýörelgesiniň ajaýyp miwesidir.

Isa HOJAMERDANOW,
“Edebiýat we sungat”.