Hakyda

4 Oktýabr 2023
685

Ýeňiş üçin bilin guşan eneleň
Orak bilen gamyşdandy guşagy.
Kynçylykda, agyr günde bekedi,
Ýassygy dessedi, syrkyn düşegi.

Gerdeninde iner ýükün göterip,
Şol agyr günleriň jepasyn çekdi.
Gerek bolsa ýeňiş üçin ýaýdanman,
Dagdan agyr daş düşürip biljekdi.

Aýlar ÝUSUPOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.