ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi

2 Oktýabr 2023
597

Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi», Türkmenistanyň Özbegistan hem-de Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» köptaraplaýyn hödürnamalary, şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bu çözgüt ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy baradaky komitetiniň 2023-nji ýylyň  10 — 25-nji sentýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen 45-nji mejlisiniň dowamynda biragyzdan kabul edildi.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň maýynda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi hem ähli watandaşlarymyz üçin buýsançly waka boldy.

Ogulnur HOJAKOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.