Şan-şöhraty dünýä dolan Pyragy

9 Oktýabr 2023
984

Şu gün, ýagny 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi mynasybetli Şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasy bolup geçdi. Akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna taýýarlyk görülýän günlerde geçirilen dabara ýurdumyzyň medeniýet, sungat, döredijilik işgärlerini bir supranyň başyna jemledi.

Magtymguly atamyzyň pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlary halkymyzyň ruhy dünýäsinde mynasyp orun aldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde beýik söz ussadynyň şan-şöhraty dünýä dolýar. Dana Pyragynyň ajaýyp şygyrlary dünýä dillerine terjime edilip, belent heňde aýdym bolup ýaňlanýar. Beýik akyldaryň doglan gününiň ýubileý senesi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň dürli döwletlerinde hem uludan belleniler. Dabarada çykyş edenler bular dogrusynda, şeýle-de şahyryň ömri we döredijiligi barada giňişleýin durup geçdiler. Şeýle-de çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly ajaýyp goşgusynyň akyldar şahyra belent sarpanyň nyşanydygy, onuň her bir setiriniň çuňňur many-mazmuna eýe bolup, ata Watanymyza, ene topragymyza belent söýginiň beýanydygy buýsançly bellenildi.

“Zenan kalby”.