Gadymdan galan nusgalar

1 Oktýabr 2023
1091

Nepisligiň ähli inçeliklerini özünde jemleýän milli nagyşlarymyzyň aglabasyna alaja nagşy salynýar. Alaja — zenanlarymyzyň ajaýyp sungaty. Irki döwürlerden bäri alaja milli medeniýetimiziň içinden eriş-argaç bolup geçipdir we häzirki wagtda hem bu el işini gelin-gyzlarymyz dowam etdirýär. Zenanlarymyzyň döredýän alajasynda ruhy güýç bar. Alajalar, gözüň agy-garasynyň keşbi. Şonuň üçin alajada ala gözleriň owadanlygy ýaly täsin gözellik bardyr.Gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan türkmen zenanynyň döredýän alajasy syrly sungat. Zenanlarymyzyň döredýän alajalary eziz Diýarymyza daşary ýurtdan gelýän myhmanlardyr jahankeşdeleriň hem ünsüni bada-bat özüne çekýär. Olar alajalary höwesli synlap, guwanç bilen alyp goşarlaryna, boýunlaryna dakýarlar. Munuň özi halkymyzyň milliligine dünýä halklarynyň goýýan sarpasydyr.

Alajany örmek we işmek örän gyzykly el işidir. Eneler gyzlaryna, ýeňňeler bolsa baldyzlaryna alaja örmegi öwredýärler. Şeýdip alaja sungaty nesilden-nesle geçirilýär. Alajanyň ýönekeý görnüşini örmek üçin ak, gara sapaklary ulanmak ýeterlikdir. Sapagy elimize alyp, ony agaç bölegine ýa-da biriniň barmagyna saramaly. Alajanyň gözegelüwli bolmagy üçin garadyr ak sapaklaryň gatlanyşy deň bolmaly. Ilki gara sapagyň ujuny eliň aýasynda saklap, çepden saga, onsoň ak sapagyň ujuny eliň aýasynda saklap, tow berip, soňra iki sapagyň uçlaryny jüp tutup, sagdan çepe tow bermeli. Alaja adama ene mähri ýaly ajaýyp duýgulary bagyşlaýar.

Ogulgurban GAŞLAKOWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň esasy hünärmeni, žurnalist.