"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Röwşen geljege şamçyrag

Hormatly Prezidentimiziň Täze — 2024-nji ýylyň bosagasynda halkymyza sowgat eden «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby türkmen ýaşlary üçin kämil ýol-ýörelge, nusgalyk gollanma bolar. Bagtyýar halkymyzyň ýankitabyna öwrülen bu eserde ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten belent sepgitleri, gazanan üstünlikleri beýan edilýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçen 2023-nji ýylda türkmen ýaşlary milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, bilimde, ylymda, sportda, saglygy goraýyşda, oba hojalygynda, telekeçilikde uly üstünlikleri gazanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna mynasyp zähmet sowgatlary bilen gadam basdylar. Gazanylan uly üstünlikleriň, ýetilen belent sepgitleriň özeninde bolsa ýaş nesliň terbiýesiniň esasy orunda durýandygyny durmuş hakykaty subut edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynda belleýşi ýaly, «Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenýär». Perzent terbiýesinde il ogly bolmagy başarmak, iliň biri bolmak, zähmetiň, başarnygyň bilen il içinde tanalmak belent mertebedir. Döwrümiziň bagtyýar ýaşlary kämil ylym-bilim alyp, hakyky hünär eýeleri, öz işiniň ussatlary bolup ýetişýärler. Olar täze, innowasion tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykaryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy dö

Menzilli ýollara nur saçýan kitap

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň giň okyjylar köpçüligine gowşan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň neşir edilmegi ulus-ilimiz üçin gymmatly sowgat boldy. Agzybir halkymyzyň ruhy dünýäsini deňsiz-taýsyz buýsanja beslän bu kitap Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan çykan ilkinji kitap bolmak bilen, ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten uly sepgitleriniň we üstünlikleriniň jemine bagyşlanýar. Şeýle hem bu kitap hormatly Prezidentimiziň parasatly pikir-garaýyşlaryny, dürli pudaklarda işleýän, döredýän, gurýan, ylym-bilim ojaklarynda okaýan, hünär öwrenýän ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyrýan saldamly öwütleri özünde jemleýär. Bu barada bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz: «Men bu kitabymda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda amala aşyrylan beýik işler, olara ýaşlarymyzyň gatnaşygy, şeýle hem geçilen ýollar, toplanan tejribeler hem-de ýerlikli hasaplan maglumatlarymyň, esasanam, halkymyz, Watanymyz baradaky pikir-garaýyşlarymyň käbirlerini siziň bilen paýlaşmagy müwessa bildim» diýip ýazýar. Bu dürdäne sözler täze kitabyň çuňňur many-mazmunly, uly terbiýeçilik ähmiýetli, okyjylaryň ýürek töründen orun alyp, ýankitabyna öwrüljek eserdiginden habar berýär. Ýeri gelende, «Sowgadyň gowusy — kitap» diýen halk pähiminden ugur alyp, hormatly Prezidentimiziň bu kitabynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny garşylan pursatlarymyzd

El işlerinde balykçylygyň beýany

Dünýä halklarynyň arasynda türkmenler öz döreden maddy we ruhy gymmatlyklary bilen has-da tapawutlanýar. Türkmen halylary, şaý-sepleri, milli egin-eşikleri gaýtalanmaýan sungat eserleridir. Olaryň esasy aýratynlygyny alamatlandyrýan zat hem nepis nagyşlardyr. Şol nagyşlaryň özeninde bolsa janly tebigat beýan edilendir. Nagyşlara diňe bir ýaşaýan ýeriniň täsin tebigaty däl-de, eýsem, ilatyň meşgullanýan kesp-kärleri hem täsirini ýetiripdir. Ýurdumyzyň günbatarynda ýaşaýan kenarýaka türkmenleriniň keşde nagyşlary şekilleriniň özboluşlylygy, reňkiniň goýulygy bilen tapawutlanýar. Kenarýaka ilatyň döreden haly gölleriniň, milli lybaslarynyň nagyşlarynda olaryň suw ýakasyndaky mesgeniniň, esasy kesbi bolan balykçylyk käriniň, suw ulagy gaýykdyr gäminiň, aw gurallarynyň, bereketli deňziň, suwdaky guba-gazlaryň sudurlary ýerleşdirilendir. Balyk tutmaklykda esasy gurallar bolan «gadalga», «gaňrak», şeýle hem gämini açyk suwda saklaýan enjam «labyr» bilen baglanyşykly «gaňrakly göl», «gaňyrçak», «gaňyrçakly älem», «labyr» ýaly nagyşlar döräpdir. Halylara salynýan «dyrnak», «dyrnakgöl», «gabsagöl» nagyşlarynyň daş-töweregi durşuna goçak bolup, olar balykçynyň esasy ulagy gaýyklaryň keşbini aňladypdyr. «Tirana» nagşy bolsa Hazaryň baýlygy bolan balyklaryň, esasanam, gyzyl balyk hasaplanylýan tirana, bekre balygynyň şekili bilen baglanyşykly döräpdir. Türkmeniň milli egin-eşiklerine, haly-

Milli gymmatlyklaryň goraglylygy ugrunda

Türkmen halkynyň döreden baý medeni mirasy ynsanperwer ylymlary ösdürmegiň we onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, medeni ulgamda ösüş gazanmagyň esasy hereketlendiriji güýji bolup durýar. Pederlerimiziň irginsiz zähmetinden, döredijilikli paýhasyndan kemal tapan maddy we ruhy gymmatlyklaryň geljek nesillere asyl görnüşinde ýetirilmeginiň, baý many-mazmunynyň özleşdirilmeginiň taryhy, medeni ähmiýeti bar. Çünki taryh şahsyýetiň giň gözýetimini, medeniýetini kämilleşdirmekde terbiýeleýji çeşme bolup hyzmat edýär. Başgaça aýdylanda, geçmişde bar bolan maddy we maddy däl medeni gymmatlyklarymyzdan gözbaş alyp, ata-baba geçen ýolumyzy ýörelge edinmek arkaly şu günki we geljekki ösüşleriň binýadyny gurýarys. Halk dünýä medeniýetine oňyn täsir eden nusgalyk ruhy baýlyklaryň mirasdüşeri bolup durýar. Şöhratly taryhymyza göz aýlasak, Oguz nesli dünýäniň çar künjeginde dolandyran döwletlerinde beýik binalary, milli aýratynlyklary bilen tapawutlanýan galalary gurup, binagärlik sungatynyň kämil nusgalaryny döredipdir. Netijede, türkmen topragy adamzat medeniýetiniň ilkinji ojaklarynyň biri hasaplanýan siwilizasiýalaryň gadymy mesgenine öwrülipdir. Muny ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gadymy taryhyň yzlaryny özünde saklaýan arheologik ýadygärlikleriň 2 müňe golaýynyň saklanyp galandygy-da doly tassyklaýar. Bu ýadygärlikler öz döwründe dürli ýurtlaryň arasynda ýola goýlan dip

Çeper sözüň ägirdi – Magtymguly Pyragy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde halkymyzyň şöhratly taryhy, medeni mirasy we ruhy gymmatlyklary çuňňur öwrenilýär. Munuň özi ýaş nesliň kalbynda taryhymyza, ruhy gymmatlyklarymyza bolan buýsanjyň kemala gelmegine getirýär. Taryhda öz paýhasy bilen meşhurlyk gazanmagy başaran beýik şahsyýetleriň biri-de akyldar şahyr Magtymguly Pyragydyr. Türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň eserleri ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, belent adamkärçilik sypatlaryny kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Akyldar şahyr çeper sözüň ägirdi bolup, onuň goşgulary ýaş nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Magtymgulynyň goşgulary her bir adama öz täsirini ýetirýär. Onuň döredijilik mirasynyň häzirki wagtda hem ähmiýeti egsilenok. Ýurdumyzda geljegimiz bolan ýaşlary bilime ugrukdyrmakda, dünýä tejribelerinden ugur alyp, orta we ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini kämilleşdirmekde, sanly bilim ulgamyny giňden ornaşdyrmakda netijeli işler alnyp barylýar. Umumybilim berýän orta mekdeplerde Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi öwredilýär. Ýaş nesilleri terbiýelemekde Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ähmiýeti çäksizdir. Akyldar şahyrymyz öz goşgy setirlerinde agzybirlik, watansöýüjilik, mertlik, halallyk, päklik, lebzihalallyk, dosta wepaly

Milli arhiwler — gymmatly ýazuw çeşmeleri

Her bir döwletde halkyň milli ýazuw mirasynyň aýawly saklanmagyna uly ähmiýet berilýär. Çünki bu babatdaky arhiw resminamalary halkyň taryhyny beýan edýän milli ruhy baýlykdyr. Arhiw işi öz köklerini gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Geçmişde hem sowatly adamlar, akyldarlardyr alymlar halkyň durmuşyny, jemgyýetçilik we hojalyk gatnaşyklaryny, olaryň özara baglanyşygyny beýan edýän resminamalara aýawly çemeleşmegiň zerurdygyna düşünipdirler. Geçen nesilleriň bilimlerini, toplan tejribesini özünde jemleýän şol resminamalara uly ähmiýet beripdirler. Gündogaryň görnükli şahyry Alyşir Nowaýy: «Kim arhiwe kembaha garasa, ol taryha düşünmez, kim taryha düşünmese, ol geçene we geljege ýolbaşçylyk edip bilmez» diýip belleýär. Türkmenistanyň arhiwleri we olaryň döreýiş taryhy hakynda gymmatly maglumatlar kän. Ýurdumyzyň arhiw gullugy gözbaşyny XIX asyryň 70-nji ýyllaryndan alyp gaýdýar. Şol ýyllarda ýerli ilaty dolandyrmak üçin döredilen Zakaspi harby bölümi, Zakaspi oblastynyň naçalniginiň kanselýariýasy ýaly harby-administratiw edaralarda, olaryň guramalarynda — uýezd naçalniklerinde, pristawlarda, okrug we harby kazyýetlerde, rus hem-de daşary ýurt banklarynda, söwda-senagat kärhanalarynda, Zakaspi demir ýolunyň edarasynda, statistik, okuw, şeýle-de beýleki edaralarda arhiw resminamalary toplanyp başlanýar...

«Ýedi goýun, bir guzy»

Içmek alty-ýedi goýnuň derisinden tikilýär. Onuň üçin ilki ösgün tüýli goýunlaryň derisi saýlanyp alynýar. Alnan deri dört-bäş sagatlap duzda ýatyrylyp, soň günde guradylýar. Şondan soň ol arpa uny, zäk we turşy çal goşulyp alnan goýy ergini deriniň iç ýüzüne çalnyp, sekiz günläp eýlenilýär. Şondan soň eýlenen derini kölegede gündizine düýrläp, gijesine tekiz ýere serip şemalladýarlar. Bu işi alty gün dowam etdirip, ýedinji gün derini duzlaýarlar. Sekizinji gün ony güne serip, gutarnykly guradýarlar. Soň ýuwup, çalt gurar ýaly üstüne çäge sepýärler. Deri bäş-alty sagatda gowy guransoň, deridaş bilen deriniň ýüzünde galan ýaglary we etleri aýrylýar. Bu işden soň deri agarýar.

Syrly älemleriň şahyrana beýany

Hormatly Prezidentimiz: «Dana Pyragynyň eserleri bütin adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýip, söz ussady Magtymgulynyň umumadamzat ähmiýetli mirasyna belent baha berýär. Şol ruhy gymmatlykda durmuşyň dürli ugurlary bilen bir hatarda, ynsan ählini asyrlarboýy pikirlendirip gelýän syrly älemler bolan «ýedi gat Ýer», «ýedi gat asman» diýen düşünjelere hem giň orun berilýär. Alym G.Gurbanowyň belleýşi ýaly, beýik akyldaryň bu meselä içgin aralaşmak üçin dünýä ylmyndan söhbet açýan ylmy we edebi çeşmeleri, Gündogaryň beýik şahsyýetleri Hoja Ahmet Ýasawynyň «Hikmetlerini», Rabguzynyň «Kasasyl enbiýa», Wepaýynyň «Rownakyl yslam» kitaplaryny, Süleýman Bakyrganynyň şygyrlaryny okandygy bellidir. Bu ugurda atasy Döwletmämmet Azadynyň «Behiştnama», «Hekaýat», «Wagzy — Azat» eseri bolsa beýik akyldara has ygtybarly gollanma bolup hyzmat edipdir.

Balyk — baýlyk-bereket

Balyk ýyly rysgally ýyllaryň biri hasaplanýar. Şu ýerde «balyk» sözüniň döreýşine-de ähmiýet bermegimiz gerek. Balygyň nusgawy edebiýatlarda köp ulanylýan «luw» ady hytaýça «lu» ýa-da «lun» sözünden gelip çykan bolsa, «balyk» sözi gadymy türkmen sözüdir. Ol türki dilleriň hemmesinde giňden ýaýrandyr. Türk dilçisi Zeki Eýuboglu suwda ýaşaýan oňurgaly haýwanyň «balyk» diýen adynyň «bal» köküni «suw, palçyk» manysyndaky gadymy «bal» sözi bilen asyldaş hasaplaýar. Bu pikiri belli türkmen dilşynasy S.Atanyýazow hem «Türkmen diliniň sözköki sözlüginde» tassyklaýar. Diýmek, «balyk» sözüniň asyl döreýşi hem suw bolçulygy, rysgal-bereket bilen bagly. Balyk — suwuň şasy. Alymlaryň pikiriçe, hut şu gadymy düşünje tutuş Gündogarda balygyň keramatlaşdyrylmagyna getiripdir. Etnograf W.Toporow dünýäniň döreýşi baradaky gadymy rowaýatlary öwrenip: «Dünýäniň ýüzüni gözýetmez umman tutan wagty balyk gyrmançalary bir ýere üýşürip, ýeriň hem dagyň döremegine, şeýdibem, ýerde ýaşaýşyň emele gelmegine sebäp bolupdyr» diýip ýazýar. Gündogarda Ýer togalagyny şahlarynyň üstünde saklaýan sary öküziň äpet balygyň üstünde durýandygy baradaky rowaýat hem giňden ýaýrapdyr. Asudalyk, parahatçylyk balyk bilen baglanyşdyrylypdyr. Gündogar ýurtlarynda balyk päkizeligiň, halallygyň hem ak geljege ynamyň nyşany hasaplanýar. Şoňa görä-de, etnograf S.Demidow halkyň arasyndan toplan maglumatlaryna esas

Toý dessurly şadessan

«Gorkut ata» şadessanynda toý däpleri hakynda gyzykly maglumatlar beýan edilýär. Eseriň baş gahrymany Gorkut ata juda paýhasly, akyldar kişi bolupdyr. Ol toý-tomaşalarda saz-söhbet gurap, mähellä ruhy lezzet paýlapdyr. Şadessanda Baýbijan beg we Baýbugra begiň arasynda ogul-gyzyny adaglamak hakynda gürrüň gidýär. Bu gadymy däp türkmenlerde giňden ýaýrapdyr. Gorkut atanyň: «Ogly bolan öýerermiş, gyzy bolan göçürermiş» diýen sözleri häzirki döwürde hem dilden-dile geçip gelýär. Haçan-da bir ýere gudaçylyga gidip gelnenden soňra «oglanmysyň, gyzmysyň?!» diýlipdir. Bu aňlatma «gurtmusyň, tilkimisiň?!» görnüşinde-de gelýär. Eger iş şowly bolsa, gudaçylyga giden «oglan» diýipdir.

Paluda

Bir gezek goňşy obada ýaşaýan garyndaşlarymyzyň akgoýun toýuna gatnaşmak miýesser etdi. Toýda süýtli aş, palaw, ýarma, çekdirme ýaly naharlar bilen birlikde paluda aşy hem taýýarlanyldy. Şondan soň bu naharyň taryhy we taýýarlanylyşy bilen gyzyklandym. Paluda mäş unundan taýýarlanylýar. Ene-mamalarymyz mäşi edil bugdaý üwelen ýaly el degirmeninde ýa-da harazda üwäpdirler. Paludany taýýarlamak üçin mäş ununy jama salyp, unuň göwrümine barabar suw guýup, bulamak taýýarlamaly. Bulamagy haýal otda tä goýalýança we durlanýança çemçe bilen bulap durmaly. Dury bulamagy iri göz elekden geçirip, öňünden taýýarlanylyp goýlan, düýbüne buz düşelen sowuk suwly jama süzmeli. Şondan soň sünnälenilip kesilen uzyn-uzyn unaşyň şekili emele gelýär we taýýar paluda öwrülýär. Sowuk suwda birneme bekişen paludanyň suwuny döküp, gurandan soň başga gaba salyp, agzyny ýapmasaň we sowuk ýerde goýmasaň, ol guramak, solmak bilen bolýar. Ene-mamalarymyz taýyn paludadan şobada owkat taýýarlapdyrlar ýa-da ätiýaçlyk üçin buzly ýerde goýupdyrlar. Mäş unundan taýýarlanylan paluda aýna ýaly dury bolýar.

Daşlaryň arasynda göwher bar

Hekaýat Märekede oturan adamlaryň biri uzak ýyllaryň dowamynda köpçülige kän bir goşulyp-garylmaýan, diňe öz durmuşy bilen başagaý obadaşyna igenipdir:

Çarwa göçi

Maldarçylyk bilen meşgullanýan çarwalara arkama-arka bir ýerde oturymly ýaşamak miýesser etmändir. Olar mallarynyň tükel bolup, öz hojalyk, durmuş hajatlaryna ýarap durmagy üçin bol suwly, sonar öri meýdanly ýerlere göçüp-gonup ýörüpdirler. Maldarlar ýylyň dowamynda üç gezek bahar, tomus, gyş aýlarynda ýurt çalşypdyrlar. Göçmek üçin uly maşgalalara 4-5 düýe gerek bolupdyr. Ýük düýäniň gerşine batyp, ýagyr etmez ýaly, ozaly bilen onuň howut-halygyny, hatabyny göwnejaý edipdirler. Tomus paslynda çarwaçylyga degişli derwaýys zatlaryň hemmesi ýerbe-ýer edilipdir. Ene-mamalarymyz düýäniň iri ýüňünden howutlyk dokapdyrlar, goýun ýüňünden keçe taýýarlapdyrlar. Pederlerimiz howutlaryň içine selin, ýeken dykyp, ýörite temen bilen mäkäm köpäp, tanap işipdirler. Göçülende öýüň ugudyr täriminiň döwülýän wagty bolupdyr. Şonuň üçin göçegçileriň ýanynda düýäniň hamyndan ýasalan tasma bolupdyr.

Ýaş edebiýatça söz berilýär

DOSTLUGYŇ SARPASYN BELENTDE TUTUP... Türkmen halky dosta, dostluga uly sarpa goýýar. Ata-babalarymyz hemişe-de dosty dogan ýaly hasaplapdyrlar. Halk arasynda dostluk sarpalanyp: «Dost — dostuň aýnasy», «Dost geňeşde belli, semiz — ýörişde», «Dosta bereniňi sorama, goňşa bereniňi dileme», «Dostsuz başym — duzsuz aşym», «Dostuň geldi — baýram boldy» diýen ýaly nakyllardyr atalar sözleri ýaşaýar.

Agajy işläp bejermek sungaty

Senetçiligiň asyrlar içre arzylanyp gelnen kämil görnüşleriniň biri hem agaç ussaçylygydyr. Halkymyzyň ruhy dünýäsinde bu sungata ähmiýetli orun degişlidir. Ata-babalarymyz agaç ekmegi, ony ösdürip ýetişdirmegi sogap iş hasaplapdyrlar. Munuň şeýledigini «Agaç jennetden çykypmyş», «Agaçly obany sil almaz», «Agaç ýapragy bilen görkli» ýaly halk aýtgylary, nakyllar hem tassyklaýar. Türkmen halkynyň agaçdan ýasalan owadan önümleri hem milli sungatymyzyň gadymdan gelýän görnüşidir. Olaryň özüne mahsus aýratyn gözelligi bar. Agaçlary ýetişdirmek, olardan dürli çig mallary, önümleri taýýarlamak binagärlik medeniýeti bilen berk baglydyr. Arheologik maglumatlara görä, mundan 7-8 müň ýyl ozal gurlan jaýlaryň üsti agaç pürsler bilen basyrylypdyr. Gümmezleriň, köşkleriň öňünde gurlan eýwanlaryň sütünleri hem agaçdan ýasalypdyr. Suw desgalary, dürli görnüşli zähmet gurallary, öý hojalygynda ulanylýan enjamlar — jykyr, nowa, ýag taýýarlamak üçin ulanylýan juwaz, ýük araba, gaýyk, naw kejebe, sandyk, aştagta, oklaw, kersen, çemçe, susak, dürtgüç, bedew atlaryň eýeri, howut, gaňňa ýaly gündelik durmuşda peýdalanylýan esbaplar agaçdan ýasalypdyr. Halkymyzyň milli guwanjy bolan ak öýleriň süňňüniň agaçdan bolmagyny hem bu sungatyň gazanan beýik üstünlikleriniň biri hasaplamak bolar.

Şaý-sepim — gözel zynatym

Pederlerimiz kämil derejedäki zergärçilik sungatyny, şol sanda gözellikden hem mähremlikden gözbaş alan milli şaý-seplerimizi döredip, özboluşly senedi bilen dünýä medeniýetine uly goşant goşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda türkmen milli şaý-sepleri dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýe boldy. Şaý-seplerimiziň bezegi  däp-dessurlarymyzyň, ajaýyp tebigatymyzyň gözelligini özünde jemleýär. Milli toý lybasyna we şaý-seplerine bürenen gelin-gyzlara gözüň düşende, ylla diýersiň, olar durky bilen tyllaýy Günüň şöhlesi kimin nur saçýarlar. Şol şaý-sepleriň her biri türkmen zergärleriniň döredijilikli zähmetinden hasyl bolýan hakyky sungat eseridir. Ata-babalarymyz kümüşden ýasalan şaý-sepleri dakynmagyň peýdalydygyna, olara oturdylýan gymmatbaha daşlaryň adamyň ykbalyna, ýaşaýyş-durmuşyna, meşgul bolýan işine, saglygyna amatly täsir edýändigine ynanypdyrlar. Gyz-gelinlerini, bedew atlaryny göwher, zümerret, lagyl, altyn, kümüş ýaly gymmatbaha daşlardan ýasalan şaý-sepler bilen bezäp, olary ýelden, Günden gorap, apalap saklapdyrlar. Şaý-sepler terbiýeçilik, däp-dessur wezipesini ýerine ýetirmek bilen bir hatarda, zenanlaryň syratly, sagdyn bedenli bolmagyna hem ýardam beripdir.

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy türkmeniň ruhy mirasynyň genji-hazynasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde halkymyzyň şöhratly taryhy, medeni mirasy we ruhy gymmatlyklary çuňňur öwrenilýär. Munuň özi ýaş nesliň kalbynda taryhymyza, ruhy gymmatlyklarymyza bolan buýsanjyň kemala gelmegine getirýär. Taryhda öz paýhasy bilen meşhurlyk gazanmagy başaran beýik şahsyýetleriň biri-de akyldar şahyr Magtymguly Pyragydyr. Gahryman Arkadagymyz “Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr” diýip belleýär. ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek barada çözgüt biragyzdan kabul edildi. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk baýramçylygynyň bu guramanyň Şanly seneler sanawyna goşulmagy beýik akyldaryň şan-şöhratynyň dünýä dolýandygyny, döredijilik dünýäsiniň gymmatynyň has-da artýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň akyl-paýhas mirasyny ýaş nesillere öwretmekde, nesil terbiýesinde netijeli peýdalanmakda uly mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesillerde ruhy we ahlak gymmatlyklary kemala getirmek, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, döwrebap bilim-terbiýe

Ahalteke atçylyk sungaty — umumadamzat gymmatlygy

ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň şu ýylyň 5-nji dekabrynda geçirilen 18-nji mejlisinde Türkmenistanyň teklibi esasynda ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulandygy baradaky hoş habar ähli halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi. Bu taryhy waka mynasybetli Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen hoşallyk maslahaty hem ýokary ruhubelentlige beslenip, ildeşlerimiziň ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň halkara derejede ykrar edilmegine egsilmez guwanjyny äşgär etdi. Maslahata Halkara ahalteke atçylyk we türkmen alabaý itleri assosiasiýalarynyň, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň jogapkär işgärleri, ýurdumyzyň halypa seýisleri, çapyksuwarlary, atşynaslary, döredijilik işgärleridir köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda çykyşlara giň orun berildi. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa öz çykyşynda:

Magtymguly myhmansöýerlik barada

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary edebi gymmatlyklarymyzyň özeni hasaplanylýar. Şahyryň sarpasy ähli döwürde bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de belentden tutulýar. Myhmansöýerlik türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleriniň biri bolup, ol akyldar şahyryň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şahyr goşgularynda myhmansöýerligi türkmeniň esasy aýratynlyklarynyň biri hökmünde suratlandyrýar.

Ak hem gara işmesi...

Ak, gara reňkler örän oňat sazlaşýar we nepis alajany döredýär. Bu sapaklaryň goşulmagyndan ýasalan nepislige «alaja» diýilýändigi hemmä belli hakykat. Ak hem gara reňkleriň tebigy sazlaşygynda gije bilen gündizi görýäris. Çagalykda öwrenen zatlaryň ýadyňda, gören-eşidenleriň hakydaňda galýar diýleni. Ejem maňa çagalygymda el işleriniň aglabasyny, ýagny tikin işlerini, keçe basmagy, haly dokamagy, keşde çekmegi, örüm işlerini öwrederdi. Däp-dessurlara, yrymlara, milli ýörelgelere, el işlerine ýüzlenmeli bolsam, ilki bilen, ejemiň öwreden zatlary göz öňüme gelýär. 3-nji synpdakam elime iňňe-sapak alanym, ejemiň köýnegimiň ýakasyna alaja bagjyk işmegi yhlas bilen öwredişi şu günki ýaly ýadymda.