Balyk — baýlyk-bereket

4 Ýanwar 2024
850

Balyk ýyly rysgally ýyllaryň biri hasaplanýar. Şu ýerde «balyk» sözüniň döreýşine-de ähmiýet bermegimiz gerek. Balygyň nusgawy edebiýatlarda köp ulanylýan «luw» ady hytaýça «lu» ýa-da «lun» sözünden gelip çykan bolsa, «balyk» sözi gadymy türkmen sözüdir. Ol türki dilleriň hemmesinde giňden ýaýrandyr. Türk dilçisi Zeki Eýuboglu suwda ýaşaýan oňurgaly haýwanyň «balyk» diýen adynyň «bal» köküni «suw, palçyk» manysyndaky gadymy «bal» sözi bilen asyldaş hasaplaýar. Bu pikiri belli türkmen dilşynasy S.Atanyýazow hem «Türkmen diliniň sözköki sözlüginde» tassyklaýar. Diýmek, «balyk» sözüniň asyl döreýşi hem suw bolçulygy, rysgal-bereket bilen bagly.

Balyk — suwuň şasy. Alymlaryň pikiriçe, hut şu gadymy düşünje tutuş Gündogarda balygyň keramatlaşdyrylmagyna getiripdir. Etnograf W.Toporow dünýäniň döreýşi baradaky gadymy rowaýatlary öwrenip: «Dünýäniň ýüzüni gözýetmez umman tutan wagty balyk gyrmançalary bir ýere üýşürip, ýeriň hem dagyň döremegine, şeýdibem, ýerde ýaşaýşyň emele gelmegine sebäp bolupdyr» diýip ýazýar. Gündogarda Ýer togalagyny şahlarynyň üstünde saklaýan sary öküziň äpet balygyň üstünde durýandygy baradaky rowaýat hem giňden ýaýrapdyr. Asudalyk, parahatçylyk balyk bilen baglanyşdyrylypdyr. Gündogar ýurtlarynda balyk päkizeligiň, halallygyň hem ak geljege ynamyň nyşany hasaplanýar. Şoňa görä-de, etnograf S.Demidow halkyň arasyndan toplan maglumatlaryna esaslanyp, türkmenlerde ýylda bir gezek balykly nahar iýmegiň ynsany ähli günälerden saplaýandygyna ynanjyň bolandygyny belleýär.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty.