Röwşen geljege şamçyrag

9 Ýanwar 2024
896

Hormatly Prezidentimiziň Täze — 2024-nji ýylyň bosagasynda halkymyza sowgat eden «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby türkmen ýaşlary üçin kämil ýol-ýörelge, nusgalyk gollanma bolar. Bagtyýar halkymyzyň ýankitabyna öwrülen bu eserde ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten belent sepgitleri, gazanan üstünlikleri beýan edilýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçen 2023-nji ýylda türkmen ýaşlary milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, bilimde, ylymda, sportda, saglygy goraýyşda, oba hojalygynda, telekeçilikde uly üstünlikleri gazanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna mynasyp zähmet sowgatlary bilen gadam basdylar. Gazanylan uly üstünlikleriň, ýetilen belent sepgitleriň özeninde bolsa ýaş nesliň terbiýesiniň esasy orunda durýandygyny durmuş hakykaty subut edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynda belleýşi ýaly, «Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenýär».

Perzent terbiýesinde il ogly bolmagy başarmak, iliň biri bolmak, zähmetiň, başarnygyň bilen il içinde tanalmak belent mertebedir. Döwrümiziň bagtyýar ýaşlary kämil ylym-bilim alyp, hakyky hünär eýeleri, öz işiniň ussatlary bolup ýetişýärler. Olar täze, innowasion tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykaryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyz tarapyndan alnyp barylýan dünýä nusgalyk beýik işler, döredilýän giň mümkinçilikler, amatly şertler ýaş nesliň durmuşda, jemgyýetde, zähmetde, okuwda öz mynasyp ornuny tapmagyna, beýik maksatlara ýetmegine itergi berýär.

Ýaran MEREDOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.