Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy türkmeniň ruhy mirasynyň genji-hazynasy

30 Dekabr 2023
778

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde halkymyzyň şöhratly taryhy, medeni mirasy we ruhy gymmatlyklary çuňňur öwrenilýär. Munuň özi ýaş nesliň kalbynda taryhymyza, ruhy gymmatlyklarymyza bolan buýsanjyň kemala gelmegine getirýär. Taryhda öz paýhasy bilen meşhurlyk gazanmagy başaran beýik şahsyýetleriň biri-de akyldar şahyr Magtymguly Pyragydyr. Gahryman Arkadagymyz “Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr” diýip belleýär. ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek barada çözgüt biragyzdan kabul edildi. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk baýramçylygynyň bu guramanyň Şanly seneler sanawyna goşulmagy beýik akyldaryň şan-şöhratynyň dünýä dolýandygyny, döredijilik dünýäsiniň gymmatynyň has-da artýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň akyl-paýhas mirasyny ýaş nesillere öwretmekde, nesil terbiýesinde netijeli peýdalanmakda uly mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesillerde ruhy we ahlak gymmatlyklary kemala getirmek, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, döwrebap bilim-terbiýe bermek ugrunda ýurdumyzda alnyp barylýan işler döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şonuň üçin hem “Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 - 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz parahatçylygyň Watany hökmünde Magtymguly Pyragynyň döwlet gurmak ýörelgesine daýanýar. Akyldar agzybirligi döwlet gurmagyň esasy şertleriniň biri, parahat we asuda durmuşyň girewi hasaplapdyr.