Ak hem gara işmesi...

28 Dekabr 2023
1204

Ak, gara reňkler örän oňat sazlaşýar we nepis alajany döredýär. Bu sapaklaryň goşulmagyndan ýasalan nepislige «alaja» diýilýändigi hemmä belli hakykat. Ak hem gara reňkleriň tebigy sazlaşygynda gije bilen gündizi görýäris.

Çagalykda öwrenen zatlaryň ýadyňda, gören-eşidenleriň hakydaňda galýar diýleni. Ejem maňa çagalygymda el işleriniň aglabasyny, ýagny tikin işlerini, keçe basmagy, haly dokamagy, keşde çekmegi, örüm işlerini öwrederdi. Däp-dessurlara, yrymlara, milli ýörelgelere, el işlerine ýüzlenmeli bolsam, ilki bilen, ejemiň öwreden zatlary göz öňüme gelýär. 3-nji synpdakam elime iňňe-sapak alanym, ejemiň köýnegimiň ýakasyna alaja bagjyk işmegi yhlas bilen öwredişi şu günki ýaly ýadymda.

Bazargül ANNAÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 93-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.