Şaý-sepim — gözel zynatym

3 Ýanwar 2024
655

Pederlerimiz kämil derejedäki zergärçilik sungatyny, şol sanda gözellikden hem mähremlikden gözbaş alan milli şaý-seplerimizi döredip, özboluşly senedi bilen dünýä medeniýetine uly goşant goşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda türkmen milli şaý-sepleri dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýe boldy. Şaý-seplerimiziň bezegi  däp-dessurlarymyzyň, ajaýyp tebigatymyzyň gözelligini özünde jemleýär. Milli toý lybasyna we şaý-seplerine bürenen gelin-gyzlara gözüň düşende, ylla diýersiň, olar durky bilen tyllaýy Günüň şöhlesi kimin nur saçýarlar. Şol şaý-sepleriň her biri türkmen zergärleriniň döredijilikli zähmetinden hasyl bolýan hakyky sungat eseridir.

Ata-babalarymyz kümüşden ýasalan şaý-sepleri dakynmagyň peýdalydygyna, olara oturdylýan gymmatbaha daşlaryň adamyň ykbalyna, ýaşaýyş-durmuşyna, meşgul bolýan işine, saglygyna amatly täsir edýändigine ynanypdyrlar. Gyz-gelinlerini, bedew atlaryny göwher, zümerret, lagyl, altyn, kümüş ýaly gymmatbaha daşlardan ýasalan şaý-sepler bilen bezäp, olary ýelden, Günden gorap, apalap saklapdyrlar. Şaý-sepler terbiýeçilik, däp-dessur wezipesini ýerine ýetirmek bilen bir hatarda, zenanlaryň syratly, sagdyn bedenli bolmagyna hem ýardam beripdir.

Gülzada GARAÝEWA,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ekskursowody.