Çarwa göçi

3 Ýanwar 2024
717

Maldarçylyk bilen meşgullanýan çarwalara arkama-arka bir ýerde oturymly ýaşamak miýesser etmändir. Olar mallarynyň tükel bolup, öz hojalyk, durmuş hajatlaryna ýarap durmagy üçin bol suwly, sonar öri meýdanly ýerlere göçüp-gonup ýörüpdirler.

Maldarlar ýylyň dowamynda üç gezek bahar, tomus, gyş aýlarynda ýurt çalşypdyrlar. Göçmek üçin uly maşgalalara 4-5 düýe gerek bolupdyr. Ýük düýäniň gerşine batyp, ýagyr etmez ýaly, ozaly bilen onuň howut-halygyny, hatabyny göwnejaý edipdirler. Tomus paslynda çarwaçylyga degişli derwaýys zatlaryň hemmesi ýerbe-ýer edilipdir. Ene-mamalarymyz düýäniň iri ýüňünden howutlyk dokapdyrlar, goýun ýüňünden keçe taýýarlapdyrlar. Pederlerimiz howutlaryň içine selin, ýeken dykyp, ýörite temen bilen mäkäm köpäp, tanap işipdirler. Göçülende öýüň ugudyr täriminiň döwülýän wagty bolupdyr. Şonuň üçin göçegçileriň ýanynda düýäniň hamyndan ýasalan tasma bolupdyr.