"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Saglyk we arassa howa

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň: “Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça giň möçberli meýilnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Adam eli bilen döredilen bu bagy-bossanlyk halkymyzyň zähmetiniň miwesidir” diýen ajaýyp jümlesi biziň her birimizi ruhlandyryp, mundan beýläk hem bagy-bossanlygy ösdürip, howamyzyň arassalygyny gazanmak wezipesini mukaddes borjumyza öwürýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen “Paýhas çeşmesi” kitabyndaky “Bagym bar, barym bar”, “Adam eli — gyzyl gül”, “Bagly-barly” diýen aýtgylar bagyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda eýeleýän ornuny aýdyň görkezýär. Milli Liderimiziň baştutanlygynda Diýarymyzy bagy-bossanlyga, gül-gülzarlyga öwürmek, tokaý maksatnamasy esasynda bag ekmek ýaly asylly ýörelge dowam etdirilýär.

«Akrap geler sygyryp...»

Ýylyň dört paslyny öz häsiýetleri boýunça birnäçe böleklere bölen eždatlarymyz olardan ýerlikli peýdalanmagy-da başarypdyrlar. Olaryň biri-de akrap döwrüdir. Ata-babalarymyzyň ulanan milli senenamasy boýunça akrap döwri 23-nji oktýabrdan başlanyp, 22-nji noýabra çenli dowam edýär. Mizan döwrüniň ugradylyp, akrabyň garşy alynýan döwründe howada birnäçe üýtgeşmeler bolup geçýär. Mundan sähelçe wagt ozal hem «Ýaz gaýtadan gelip, goşa ýaz bolaýjakmyka?» diýdiren howa birden sowap ugraýar. Guşlar topbak-topbak bolup, demirgazykdan gündogara tarap uçup başlaýarlar. Ine, şeýdip hem olar adamlara sowuk günleriň ýetip gelýändigini ilkinji bolup duýdurýarlar. «Akrap geler sygyryp, ýel-ýagmyryn çagyryp» diýen aýtgy hem şonuň üçin dörän bolsa gerek. Hakykatdan-da, akrap gelen gününden başlap, howanyň ýagdaýy üýtgeýär. Howa gijelerine biçak sowap, käte oba hojalyk ekinlerini sowuk urýan wagtlary-da bolýar. Şonuň üçinem, «Mizanyň agzy ýazly, akrabyň agzy aýazly» diýipdirler. Mizan gelenden soňra öwsen ýeli diňe agaçlaryň sary ýapraklaryny şahasyndan düşürýän bolsa, akrap gelenden soň, gijelerine suwuň doňmagy bilen, köp ösümlikleri sowuk urýar. Kemine şahyryň: «Akrap ýeli geçer bu ýektaý dondan» diýşi ýaly, iniňi tikenekledýän sowuk şemal eýýäm gyşyň ýetip gelýändigini ýatladýar. Käbir ýyllarda daýhanlar giçki hasylyny ýygnap hem ýetişmeýärler. Ýöne bu ýagdaý seýrek bolýar. Kä

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 22-nji oktýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +14... +16° maýyl bolar. Howanyň basyşy 739 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Ýa­ba­ny te­bi­ga­tyň iň go­wy su­rat­la­ry saý­lan­dy

Lon­do­nyň Te­bi­gat ylym­la­ry mu­ze­ýi ýa­ba­ny te­bi­ga­ty su­ra­ta dü­şür­mek bo­ýun­ça her ýyl ge­çi­ril­ýän iň uly bäs­le­şik bo­lan «Ýy­lyň ýa­ba­ny te­bi­gat su­rat­çy­sy» bäs­le­şi­gi­niň ne­ti­je­le­ri­ni mä­lim et­di. 2021-nji ýy­lyň iň go­wy su­rat­çy­sy fran­si­ýa­ly Lo­ran Bal­les­ta bol­dy. Ol fran­suz po­li­ne­zi­ýa­syn­da ýa­şa­ýan «Epi­nep­he­lus po­li­fe­ka­di­on» ba­ly­gy­nyň kö­pel­ýän pur­sa­tyn­da­ky emele gelen du­man­ly­gy su­ra­ta dü­şür­me­giň höt­de­sin­den gel­di. Su­ra­ta al­mak üçin su­rat­çy 20 metr çuň­luk­da yz­ly-yzy­na 24 sa­gat su­wuň aşa­gyn­da gal­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän öz usu­ly­ýe­ti­ni kä­mil­leş­dir­me­li bol­dy. Ba­lyk ýu­murt­ga­la­ry­nyň du­man­ly­gy so­rag bel­gi­si­ne ça­lym ed­ýär. Su­rat­çy­nyň pi­ki­ri­çe, mu­nuň ma­ny­sy ola­ryň gel­je­gi ba­ra­da­ky so­wal bo­lup, adat­ça, ola­ryň di­ňe mil­li­on­dan bi­ri di­ri gal­ýar.

Ösüm­lik­ler nä­dip he­re­ket ed­ýär?

Haý­wan­lar ýa­ly aýak­la­ry, bo­gun­la­ry, nerw ul­ga­my ýok hem bol­sa, ösüm­lik­ler hem he­re­ket ed­ýär. Kä­bir ýa­ba­ny ösüm­lik­ler kö­pel­mek üçin to­hum­la­ry­ny uzak ara­ly­ga atyp goý­ber­ýär­ler. Top­ra­ga dü­şen to­hum te­bi­gy şert­ler eme­le ge­len ha­la­tyn­da gö­ger­ýär. Kä­bir köp­ýyl­lyk ösüm­lik­le­riň to­hu­my ýe­liň ug­ru­na uçup gid­ýän üb­tü­gin­de ýer­leş­ýär. Bu to­hum­lar hem baş­ga bir ýer­de düýp tut­ýar. Ösüm­lik­le­riň to­hum­la­ry­ny ýaý­rat­mak ýa-da mör-mö­jek­le­ri «aw­lap iý­mek» he­re­ke­ti mun­dan ozal bio­log­lar ta­ra­pyn­dan öw­re­nil­ýär­di. In­di bol­sa, te­bi­gat­dan yl­ham al­ýan in­že­ner­ler ro­bot­la­ry ýa­sa­mak üçin ösüm­lik­le­ri öw­ren­ýär­ler.He­re­ket et­me­gi bi­len ün­si özü­ne çek­ýän ösüm­lik­le­riň bi­ri hem pa­po­rot­nik­ler­dir. Gül aç­ma­ýan bu ösüm­lik­le­riň to­hu­my se­kunt­da 10 metr­den hem ýo­ka­ry tiz­lik bi­len atyl­ýar. Şeý­le­lik­de, top­ra­ga dü­şen to­hum amat­ly şert­ler eme­le ge­len­de gö­ge­rip çyk­ýar. Bu otuň çi­gi­di to­ga­lak şe­kil­li go­za­nyň için­de ýer­leş­ýär. Bu go­za­nyň bir ta­ra­pyn­da ýa­rym aý­law şe­kil­li ha­tar-ha­tar öý­jük­ler bol­ýar. Bu öý­jük­le­riň suw ýi­tir­me­gi ne­ti­je­sin­de tom­suň ys­sy gün­le­rin­de göw­rü­mi ki­çel­ýär. Şeý­le­lik­de, bu go­za­nyň bir ta­ra­py ýyr­tyl­ýar. Soň­ra bol­sa edil çe­ki­len ýa­ýyň ki­ri­şi ýa­ly dar­tyl­ýar. Ne­ti­je­de, to­hum­lar ýo­k

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 21-nji oktýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gijesine we irden ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +9... +11°, gündizine +14... +16° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Tylla güýzüň sahawaty

Güýz paslynyň häzirki günlerinde altynsow ýapynja atynan baglar, gyralaryna zer çaýylan köçeler biygtyýar ünsüňi egleýär. Bagy-bossanlyklar adamyň ruhuny belende göterýär, ýadawlygyny aýyrýar, bedenine rahatlyk berýär. Goýry kölegeli baglar, sary öýmeli daragtlar her pasylda tebigatyň gözelligine gözellik goşup, howanyň tämizligine öz täsirini ýetirýändir welin, ýöne olaryň keşbi güýzde has-da göze gelüwli bolýar. Göwnüme bolmasa, ýazda — çagalyk, tomusda — juwanlyk, gyşda — gojalyk döwrüni başdan geçirýän tebigat güýzde kämillige ýetýär, agras keşbe girýär. Güýz — rysgal-berekedini sahylyk bilen eçilen baglaryň hasylynyň ýygnalýan döwri. Şeýle-de güýz — baglaryň geljekki hasylynyň aladasynyň edilýän, ideginiň ýetirilýän döwri. Hut şonuň üçinem kärendeçi daýhanlar, maldarlar ýaly bagbanlaryň hem altyn güýzde işi başyndan agdyk bolýar.

Gözellikleriň goragynda

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, ilatyň ýaşaýşy üçin arassa, sagdyn we amatly daşky gurşawy döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda ýurdumyzda tebigatyň bu gözelliklerini goramak boýunça ýörite goraghanalaryň 8-si bar. Şolaryň biri-de Köýtendag döwlet goraghanasydyr. Ol döwletimiziň gündogarynda, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda 1986-njy ýylyň 11-nji iýulynda döredildi. Goraghananyň döredilmeginiň esasy maksady Köýtendagyň, Magdanly pes daglygynyň we olaryň daş-töweregindäki ýerleriň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini gorap saklamakdan, tebigaty goramagyň, ekologiki ulgamlary dikeltmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmekden ybaratdyr. Şeýle hem onuň döredilmegi Tebigaty Goramagyň Halkara Birleşiginiň (TGHB) Gyzyl kitaba girizilen burma şahly dag tekesini goramak zerurlygy bilen baglydyr. Köýtendag goraghanasynyň meýdany 27 müň 139 gektara deňdir. Goraghananyň relýefi daglyk bolup, ýurdumyzyň iň beýik nokady bolan Aýrybaba belentligi şu ýerde ýerleşýär, onuň beýikligi 3137,7 metre barabardyr. Köýtendag goraghanasy haýwanat dünýäsine örän baýdyr. Bu ýerde süýdemdirijeleriň 40-a golaý görnüşi, guşlaryň 100-den gowrak, süýrenjileriň 25, oňurgalylaryň we oňurgasyzlaryň onlarça, şol sanda diňe gündizki kebelekleriň 60-dan gowrak görnüşleri duş gelýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 21-nji oktýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gijesine we irden ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +9... +11°, gündizine +14... +16° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm, çyglylygy 60 — 80 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gijesine we irden ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +9... +11°, gündizine +14... +16° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm. Çyglylygy 60 — 80 %.

Tebigata söýgi döretmek esasy wezipämizdir

Ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek hemişe wajyp meseledir. Bu babatda biz — mugallymlar öz jogapkärçiligimizi duýup zähmet çekýäris. Çünki mugallym — nesil bossanynyň bagbany, öz ýetişdirýän daragtlaryna: okuwçylaryna, talyplaryna we şägirtlerine nähili bilim-terbiýe berip bilse, neneňsi yhlas etse, geljekde şol yhlasa laýyk miwe ýetişýär. Watanyň topragy we tebigaty ynsana täsir edýän esasy zatlaryň biridir. Şu jähetden eziz Watanyny, ene topragyny we tebigaty söýýän ýaş nesli kemala getirmekde mugallymlaryň üstüne uly jogapkärçilik düşýär.

Zemindäki älemgoşar

Siz gök daglar, gyzyl daglar barada eşidipmidiňiz? Eger «Altyn asyr» Türkmen kölüniň kenary bilen demirgazyga tarap gidip, Üstýurt platosynyň günorta çetlerinden günbatara, ýagny, Gyzylgaýadyr Goşa obalaryna ýoluň düşse, ol daglary has golaýdan synlamak mümkin. Olar barada birmahallar rowaýat kysmy söhbetlerden söz açypdyrlar. Olaryň birinde köp asyr mundan ozal bu ýerde hanasyna sygmaýan ummanyň dolup-daşandygy barada aýdylýar. Onda läheň balyklar, täsin ösümlikler örän köp bolupdyr. Tebigatyň üýtgemegi, kem-kem gurak howa akymynyň aralaşmagy ummanyň suwunyň çekilmegine, janly bedenleriň tas hemmesiniň diýen ýaly ýitip, ýok bolup gitmegine getiripdir. Häzirki Hazar deňzi bolsa şol ummanyň «mirasdüşeri» bolup galypdyr. Şonuň üçin-de bu ýerdäki äpet baýyrlyklary synlanyňda hem özüňi suwy çekilen ummanyň içinde ýaly duýýarsyň. Daglaryň reňki bolsa, ýaz paslyndaky ýaşyl begresli sähra-seleňleri ýadyňa salýar. Asyl-ha, şol çäklere aralaşanyňda, Gamyşlyja belentliginiň täsin görnüşleri seriňi jadylaýana çalymdaş. Şol halat özüňi ertekiler dünýäsinde ýaly duýýarsyň. Ol ýerde bolsa ähli zat başgaça. Gündogara garasaň, daňyň owuz süýdi kimin agaryp atyşy-da, ojaryň közüni ýadyňa salýan, giden gözýetime çaýylan gyrmyzy şapakda, tyllaýy Kuýaşyň ýalbyrap dogup gelşi-de özge ýerlerden üýtgeşik. Bu ýerde daglar bilen daglar birleşýär, «daglaryň üstünden daglar görünýär». Bir ýanynda bols

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 20-nji oktýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň ahyrynda ýagyş ýagar. Günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +11... +13°, gündizine +20... +22° maýyl bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Pessejik gaýtarma oty Potentilla supina

Häsiýeti. Medeni oturym derman ösümligi. Pessejik gaýtarma oty — bägüller maşgalasynyň gaýtarmalar urugynyň boýy 15-40 sm-e ýetýän köpýyllyk otjumak wekili. Köki ýönekeý, daşy biraz tüýlüje. Baldagy bir ýa-da birnäçe, ýere ýazylan ýa-da seýrek dik, esasyndan çarşak şekilli şahalanan. Şahalary köp gülli. Kök we aşaky baldak ýapraklary uzyn sapakly, 2-5 jübüt per şekilli, ýaýbaň-ýumurtga görnüşli abat we ýitiräk ýaprakýanly. Ýokarky baldak ýapraklary tas oturan, köplenç üçleýin. Ýaprajyklary süýnmegräk ýa-da ters ýumurtga şekilli, tüýlüje ýaşyl reňkli. Gülleri uly däl. Gül ýapraklary ters ýumurtga kysmy, pahna görnüşli, ýokarsy az-kem oýuk, reňki sary. Tyçinkasynyň sany — 15-20. Olaryň sapagy gysga. Tozanlygy ownuk, togalak. Miwejikleri köp sanly, maýda, kese ýygyrtly. Sütünjigi tas ýokaryk, ik şekilli.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 19-njy oktýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +9... +11°, gündizine +24... +26° maýyl bolar. Howanyň basyşy 736 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Sazak — çölüň bezegi

Gözel tebigat bilen baglanyşykly bu waka 1981-nji ýylyň güýz aýlarynda bolupdy. Şol ýyl men Aşgabatdaky Türkmen oba hojalyk institutyny tamamlap, Türkmenbaşy etrabynyň «Dostluk» daýhan birleşiginde mal lukmany wezipesinde işe başladym. Şol wagt daýhan birleşigine oba hojalygynda abraýly zähmet çekýän, il içinde hormatlanýan ýaşuly Tyşkanbaý Jarlygapow ýolbaşçylyk edýär eken. Uzak ýyllaryň dowamynda gazanan baý iş tejribeli, ençeme çarşenbäni başdan geçiren halypa maldarçylygyň inçe syrlaryny kemsiz ele alan ussat ýolbaşçydy. Ol ýaş çopanlardyr maldarçylykda zähmet çekýän beýleki ýaş hünärmenlere halypalyk kömegini gaýgyrmandy. «Men — başlyk» diýip durman, mallaryň guýudan suwa ýakylýan pursady suwly gowany çekişip, suwa ýakmaga kömek edipdi, ot taýýarlamakda eline çarşak alyp, deň işläp görelde görkezipdi. Maldarçylykda eliň boş pursady ýok, ýylyň ähli paslynda mallaryň özüne ýetik aladasy bolýar. Şol gyzgalaňly günleriň birinde hem Tyşkanbaý aga meni ýanyna çagyryp, her ýeriň aýratynlygyna görä, mallarda ýüze çykýan keselçilik barada we olaryň öňüni alyş çäreleri dogrusynda söhbetdeş boldy. Ýakyn günlerde mallaryň öri meýdanlary we çöl merdanlary bilen tanyşdyrmakçydygyny ýaňzydyp, ýola taýýarlyk görmegimi tabşyrdy.

Tebigat gözelligi — Watan gözelligi

Bagy baryň — bary bar Eziz Diýarymyzy gülzarlyga, bagy-bossanlyga öwürmek ählihalk işi bolup, bu babatda göwnejaý netijeler gazanylýar. Gözellige görk goşýan gülgüzarlyklar ynsana ruhy lezzet berse, miweli we saýalyk baglar ynsan saglygy üçin ähmiýetli zerurlyklaryň biri bolup durýar. Baglar adamlary howadaky tozanlardan goramak bilen kömürturşy gazyny özüne siňdirip, ýaşaýyş üçin zerur bolan kislorody bölüp çykarýarlar. Bu bolsa ynsan saglygynyň berkemegine, zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna, ömrüniň uzalmagyna oňaýly täsirini ýetirýär.

Diýarymyzyň gözel künjeklerine syýahat

«7/24.tm», №42 (73), 18.10.2021. Dünýäniň ajaýyp künjekleriniň aýratynlyklary, olaryň gözellikleri hakynda gürrüň berýän makalalary okap, wideo görnüşleri synlap, biziň ýurdumyzda hem täsin ýerleriň kändigi hakynda oýlanýarsyň. Ata Watanymyzyň haýsy welaýatyna barsaňam biri beýlekisinden täsin görnüşleri synlamak bolýar. Şu gün okyjylarymyzdan gelen hatlar arkaly şol gözelliklerden söhbet açýan makalalary hödürleýäris.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 18-nji oktýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +8°, gündizine +25... +27° maýyl bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň 18-ne bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +8°, gündizine +25... +27° maýyl bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 10 — 30%.