Tylla güýzüň sahawaty

20 Oktýabr 2021
1229

Güýz paslynyň häzirki günlerinde altynsow ýapynja atynan baglar, gyralaryna zer çaýylan köçeler biygtyýar ünsüňi egleýär. Bagy-bossanlyklar adamyň ruhuny belende göterýär, ýadawlygyny aýyrýar, bedenine rahatlyk berýär. Goýry kölegeli baglar, sary öýmeli daragtlar her pasylda tebigatyň gözelligine gözellik goşup, howanyň tämizligine öz täsirini ýetirýändir welin, ýöne olaryň keşbi güýzde has-da göze gelüwli bolýar. Göwnüme bolmasa, ýazda — çagalyk, tomusda — juwanlyk, gyşda — gojalyk döwrüni başdan geçirýän tebigat güýzde kämillige ýetýär, agras keşbe girýär.

Güýz — rysgal-berekedini sahylyk bilen eçilen baglaryň hasylynyň ýygnalýan döwri. Şeýle-de güýz — baglaryň geljekki hasylynyň aladasynyň edilýän, ideginiň ýetirilýän döwri. Hut şonuň üçinem kärendeçi daýhanlar, maldarlar ýaly bagbanlaryň hem altyn güýzde işi başyndan agdyk bolýar.

Rejep JORAÝEW,
Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.