Ösüm­lik­ler nä­dip he­re­ket ed­ýär?

21 Oktýabr 2021
2037

Haý­wan­lar ýa­ly aýak­la­ry, bo­gun­la­ry, nerw ul­ga­my ýok hem bol­sa, ösüm­lik­ler hem he­re­ket ed­ýär. Kä­bir ýa­ba­ny ösüm­lik­ler kö­pel­mek üçin to­hum­la­ry­ny uzak ara­ly­ga atyp goý­ber­ýär­ler. Top­ra­ga dü­şen to­hum te­bi­gy şert­ler eme­le ge­len ha­la­tyn­da gö­ger­ýär. Kä­bir köp­ýyl­lyk ösüm­lik­le­riň to­hu­my ýe­liň ug­ru­na uçup gid­ýän üb­tü­gin­de ýer­leş­ýär. Bu to­hum­lar hem baş­ga bir ýer­de düýp tut­ýar. Ösüm­lik­le­riň to­hum­la­ry­ny ýaý­rat­mak ýa-da mör-mö­jek­le­ri «aw­lap iý­mek» he­re­ke­ti mun­dan ozal bio­log­lar ta­ra­pyn­dan öw­re­nil­ýär­di. In­di bol­sa, te­bi­gat­dan yl­ham al­ýan in­že­ner­ler ro­bot­la­ry ýa­sa­mak üçin ösüm­lik­le­ri öw­ren­ýär­ler.
He­re­ket et­me­gi bi­len ün­si özü­ne çek­ýän ösüm­lik­le­riň bi­ri hem pa­po­rot­nik­ler­dir. Gül aç­ma­ýan bu ösüm­lik­le­riň to­hu­my se­kunt­da 10 metr­den hem ýo­ka­ry tiz­lik bi­len atyl­ýar. Şeý­le­lik­de, top­ra­ga dü­şen to­hum amat­ly şert­ler eme­le ge­len­de gö­ge­rip çyk­ýar. Bu otuň çi­gi­di to­ga­lak şe­kil­li go­za­nyň için­de ýer­leş­ýär. Bu go­za­nyň bir ta­ra­pyn­da ýa­rym aý­law şe­kil­li ha­tar-ha­tar öý­jük­ler bol­ýar. Bu öý­jük­le­riň suw ýi­tir­me­gi ne­ti­je­sin­de tom­suň ys­sy gün­le­rin­de göw­rü­mi ki­çel­ýär. Şeý­le­lik­de, bu go­za­nyň bir ta­ra­py ýyr­tyl­ýar. Soň­ra bol­sa edil çe­ki­len ýa­ýyň ki­ri­şi ýa­ly dar­tyl­ýar. Ne­ti­je­de, to­hum­lar ýo­ka­ry tiz­lik bi­len daş-tö­we­re­ge pyt­ra­ýar.
Ösüm­lik­le­riň kö­pü­si ge­rek­li mi­ne­ral­la­ry top­rak­dan, ener­gi­ýa­ny bol­sa Gün­den al­ýar. Em­ma jan­ly-jan­dar­lar bi­len iý­mit­len­ýän ösüm­lik­ler hem bar. Olaryň bi­ri hem si­ňek­ga­pan­dyr. Yl­my ady «Dio­naea muscipu­la» bo­lan bu ösüm­lik Ame­ri­ka ma­te­ri­gi­niň tro­pi­kal se­bit­le­rin­de bit­ýär. Bu ösüm­lik­le­riň açy­lyp-ýa­pyl­ýan ýap­rak­la­ry bol­ýar. Iki bö­lek­den yba­rat ýap­ra­gyň duý­gur tüý­ja­gaz­la­ry bar. Bu tüý­ja­gaz­la­ra si­ňek we şo­ňa meň­zeş mör-mö­jek­ler go­nan­da, ýap­rak se­kun­dyň on­dan bi­ri ýa­ly wag­tyň do­wa­myn­da ýa­pyl­ýar. Bu edil ga­pa­na meň­ze­ýär. Soň­ra bol­sa ýö­ri­te mäz bö­lü­nip çy­kyp, si­ňe­gi ered­ýär. Soň­ra ýap­rak ýe­ne açyl­ýar.
Jan­dar­la­ry aw­la­ýan ýe­ne bir ösüm­li­giň yl­my ady­na «Ald­rovan­da vesiculo­sa» di­ýil­ýär. Ol «suw tig­ri» diýlip hem atlandyrylýar. Suw­da bit­ýän bu ösüm­li­ge beý­le at be­ril­me­gi­niň se­bä­bi, onuň ýap­rak­la­ry­nyň te­ge­lek ýer­leş­me­gi bi­len bag­ly­dyr. Bu ösüm­li­giň ýap­rak­la­ryn­da hem si­ňek­ga­pan­la­ryň­ky ýa­ly tüý­ja­gaz­la­ry bol­ýar. Tü­ýe is­len­dik zat de­ge­nin­de ol ýa­pyl­ýar we ösüm­li­ge iý­mit bol­ýar.
Gü­nor­ta Af­ri­ka­da bit­ýän «Dro­se­ra capen­sis» at­ly ösüm­lik hem mör-mö­jek­ler bi­len iý­mit­len­ýär. Bu ösüm­li­giň ýap­rak­la­ry­nyň ujun­da dam­ja şe­kil­li ýe­lim­li tüý­ja­gaz­lar bol­ýar. Ýap­ra­ga go­nan jan­dan oňa ýa­pyş­ýar. Soň­ra bol­sa ýap­rak awuň da­şy­na oral­ýar. Bu ösüm­li­ge Gü­neş gül­le­ri di­ýil­ýär.
Ýo­kar­da ag­za­lan ösüm­lik­le­riň nä­hi­li he­re­ket ed­ýän­di­gi alym­lar ta­ra­pyn­dan çuň­ňur öw­re­nil­ýär. My­sal üçin Gü­neş gül­le­ri­niň ýap­rak­la­ry­nyň awu­nyň da­şy­na oral­ma­gy­na se­re­dip, ro­bo­tyň bar­mak­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­ýar­lar.