Tebigat gözelligi — Watan gözelligi

18 Oktýabr 2021
1317

Bagy baryň — bary bar

Eziz Diýarymyzy gülzarlyga, bagy-bossanlyga öwürmek ählihalk işi bolup, bu babatda göwnejaý netijeler gazanylýar. Gözellige görk goşýan gülgüzarlyklar ynsana ruhy lezzet berse, miweli we saýalyk baglar ynsan saglygy üçin ähmiýetli zerurlyklaryň biri bolup durýar. Baglar adamlary howadaky tozanlardan goramak bilen kömürturşy gazyny özüne siňdirip, ýaşaýyş üçin zerur bolan kislorody bölüp çykarýarlar. Bu bolsa ynsan saglygynyň berkemegine, zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna, ömrüniň uzalmagyna oňaýly täsirini ýetirýär.