Londonyň Tebigat ylymlary muzeýi ýabany tebigaty surata düşürmek boýunça her ýyl geçirilýän iň uly bäsleşik bolan «Ýylyň ýabany tebigat suratçysy» bäsleşiginiň netijelerini mälim etdi.
2021-nji ýylyň iň gowy suratçysy fransiýaly Loran Ballesta boldy. Ol fransuz polineziýasynda ýaşaýan «Epinephelus polifekadion» balygynyň köpelýän pursatyndaky emele gelen dumanlygy surata düşürmegiň hötdesinden geldi. Surata almak üçin suratçy 20 metr çuňlukda yzly-yzyna 24 sagat suwuň aşagynda galmaga mümkinçilik berýän öz usulyýetini kämilleşdirmeli boldy. Balyk ýumurtgalarynyň dumanlygy sorag belgisine çalym edýär. Suratçynyň pikiriçe, munuň manysy olaryň geljegi baradaky sowal bolup, adatça, olaryň diňe milliondan biri diri galýar.