Saglyk we arassa howa

22 Oktýabr 2021
1310

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň: “Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça giň möçberli meýilnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Adam eli bilen döredilen bu bagy-bossanlyk halkymyzyň zähmetiniň miwesidir” diýen ajaýyp jümlesi biziň her birimizi ruhlandyryp, mundan beýläk hem bagy-bossanlygy ösdürip, howamyzyň arassalygyny gazanmak wezipesini mukaddes borjumyza öwürýär.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen “Paýhas çeşmesi” kitabyndaky “Bagym bar, barym bar”, “Adam eli — gyzyl gül”, “Bagly-barly” diýen aýtgylar bagyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda eýeleýän ornuny aýdyň görkezýär. Milli Liderimiziň baştutanlygynda Diýarymyzy bagy-bossanlyga, gül-gülzarlyga öwürmek, tokaý maksatnamasy esasynda bag ekmek ýaly asylly ýörelge dowam etdirilýär.