Zemindäki älemgoşar

20 Oktýabr 2021
1339

Siz gök daglar, gyzyl daglar barada eşidipmidiňiz? Eger «Altyn asyr» Türkmen kölüniň kenary bilen demirgazyga tarap gidip, Üstýurt platosynyň günorta çetlerinden günbatara, ýagny, Gyzylgaýadyr Goşa obalaryna ýoluň düşse, ol daglary has golaýdan synlamak mümkin. Olar barada birmahallar rowaýat kysmy söhbetlerden söz açypdyrlar. Olaryň birinde köp asyr mundan ozal bu ýerde hanasyna sygmaýan ummanyň dolup-daşandygy barada aýdylýar. Onda läheň balyklar, täsin ösümlikler örän köp bolupdyr. Tebigatyň üýtgemegi, kem-kem gurak howa akymynyň aralaşmagy ummanyň suwunyň çekilmegine, janly bedenleriň tas hemmesiniň diýen ýaly ýitip, ýok bolup gitmegine getiripdir. Häzirki Hazar deňzi bolsa şol ummanyň «mirasdüşeri» bolup galypdyr. Şonuň üçin-de bu ýerdäki äpet baýyrlyklary synlanyňda hem özüňi suwy çekilen ummanyň içinde ýaly duýýarsyň. Daglaryň reňki bolsa, ýaz paslyndaky ýaşyl begresli sähra-seleňleri ýadyňa salýar. Asyl-ha, şol çäklere aralaşanyňda, Gamyşlyja belentliginiň täsin görnüşleri seriňi jadylaýana çalymdaş. Şol halat özüňi ertekiler dünýäsinde ýaly duýýarsyň. Ol ýerde bolsa ähli zat başgaça. Gündogara garasaň, daňyň owuz süýdi kimin agaryp atyşy-da, ojaryň közüni ýadyňa salýan, giden gözýetime çaýylan gyrmyzy şapakda, tyllaýy Kuýaşyň ýalbyrap dogup gelşi-de özge ýerlerden üýtgeşik. Bu ýerde daglar bilen daglar birleşýär, «daglaryň üstünden daglar görünýär». Bir ýanynda bolsa gözýetime ýetirmeýän baýyrlyk agynap ýatyr. Şol seleňläp-howalanyp duran daglaryň giden hatary gyzyldyr gök, ak reňklerden ybarat.

Muhammet BEKGIÝEW.
«Türkmenistan».