Mah­myt Kaş­gar­ly­nyň ese­rin­de it ha­kyn­da

25 Dekabr 2021
2621

XI asyrda Mahmyt Kaşgarly tarapyndan ýazylan türkmen diliniň iň gadymy sözlügi bolan «Türki dilleriň diwany» atly eseri orta asyr türkmen taryhyndaky möhüm kitaplaryň biridir. Bu sözlük türki halklaryň medeniýeti barada köp sanly maglumatlary özünde jemleýän ajaýyp eserdir. Kitapdaky sözleriň käbirleri ulanyşdan galan hem bolsa, käbirleri häzirki wagtda hem halkymyz tarapyndan gündelik durmuşymyzda giňden ulanylýar. Mahmyt Kaşgarlynyň eseriniň iň esasy aýratynlygy, sözlükdäki ähli sözleriň türki asylly bolmagydyr. Ýagny bu sözlük türkmen diliniň gadymy dilleriň biri bolandygyny subut etmek babatynda möhümdir. Dilçi alymyň bu eserinde ynsanyň wepaly dosty we goragçysy bolan itler bilen baglanyşykly maglumatlar hem öz beýanyny tapypdyr.

Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde «it» sözi häzirki manysynda giňden ulanylypdyr. Eserde itler bilen baglanyşykly kyrkdan gowrak ýerde maglumat berlipdir. Dilçi alym itiň güjügine «enük» diýlendigini ýazmak bilen, syrtlan, möjek çagasy üçin hem bu adalganyň ulanylýandygyny belläp geçipdir. Eserdäki maglumatlara görä, itiň güjüklemegine «it enüklendi» diýlipdir. Itiň boýnuna geçirilýän tasmanyň, halkanyň bolsa «kesgük» diýlip atlandyrylýandygy beýan edilipdir.

Ahmet ANNABERDIÝEW,
Türkmen döwet maiýe institutynyň uly mugalymy.