Gadymdan galan nusgalar

4 Ýanwar 2022
1885

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda şeýle beýan edilýär: «Orta asyrlarda Hazarýaka sebiti esasy dahlardan (türkmen halkynyň gadymy taýpalarynyň biri) düzülen iri birleşme Dahistan ýa-da Dehistan diýlip atlandyrylypdyr. Soňra bu düzlük Maşat-Misserian diýlip atlandyrylýar. Misserian — Dehistan şäheriniň harabalyklary, Maşat — Dehistanyň şäher galyndylaryndan 7 kilometr gündogarda ýerleşýän gadymy gonamçylyk şeýle atlandyrylýar». Munuň özi gadymy oturymly sebitiň taryhy barada gymmatly maglumat bolup durýar. Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyz Beýik Ýüpek ýolunyň şahalary, söwda ýollaryndaky esasy harytlar barada maglumat berýär.

Orta asyrlarda gülläp ösen Misserian şäheri sebitiň ykdysady we medeni merkezi bolupdyr. Arheologiýa maglumatlary bu ýerde IX—XIV asyrlarda ýaşaýşyň bolandygyny tassyklaýar. Alymlar birnäçe ýyllaryň dowamynda geçiren arheologik gazuw-barlag işleriniň netijesinde Misserianyň IX asyrda dörändigini, XIV asyrda bolsa ýaşaýşyň togtandygyny belläp geçýärler. Misserian şäheriniň oazisde öňden bar bolan, ekerançylyk bilen meşgullanan obalaryň ýerinde gurlandygy beýan edilýär.

Mährijemal BEKJÄÝEWA, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri.