Çehiýaly magnat XVI asyryň başyndan bäri hereket edýän poçta gullugyny satyn almak isleýär

21 Aprel 2024
190

Çehiýaly milliarder we energetika magnaty Daniel Kržetinskiý Beýik Britaniýanyň «Royal Mail» poçta gullugyna eýeçilik edýän «International Distributions Services» («IDS») kompaniýasynyň paýnamalaryny satmaklaryny teklip edýär. Işewür häzirki wagtda «Korollygyň poçtasynyň» paýnamalarynyň 27,5 göterimine eýelik edýär. Onuň «EP Group» kompaniýasy paýnamalaryň galan bölegini-de satyn almaga taýýardygyny mälim etdi. Ýöne IDS entek bu teklibi kabul edenok. Eger ylalaşylsa, paýnamalaryň bahasy 4,5 milliard ýewro möçberinde bahalandyrylýar. Kržetinskiniň satyn almaga meýil bildirýändigi hakdaky täzelik ýaýranyndan soňra, «IDSiň» paýnamalary 29 göterim ýokarlandy. «Royal Mail» poçta gullugyna ýurt boýunça 11 000 bölüm degişli bolup, onuň taryhy korol Genrih VIII 1516-njy ýylda poçta gullugyny döredeninden soň başlanýar.

Taýýarlan: Aýjemal BÄŞIMOWA,
M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň sazandasy we mugallymy.