Dünýäde awtoulag satuwy boýunça birinji orny eýeledi

21 Aprel 2024
206

Mart aýynda dünýä bazarynda awtoulag satuwy 8,026 million ýeňil we ýeňil söwda awtomobiline deň boldy, bu bir ýyl ozalkydan 1,9 göterim köpdür. Çärýegiň dowamynda satuw 4,4 göterim ýokarlanyp, 20,762 million awtoulaga barabar boldy. Bu barada «GlobalData» habar berýär.

Hytaý mart aýynda 2,154 million awtoulag satyp, dünýäde awtoulag satuwy boýunça ýurtlaryň reýtinginde birinji orny eýeledi. Mart aýynda ABŞ-da 1,437 million awtoulag satyldy, ösüş 5,5 göterim boldy.

Mahym Çetiýewa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.