"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Ýurduň röwşen geljegi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda çagalar aýratyn goldaw bilen gurşalyp, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin zerur şertler döredilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler ata Watanymyzda çagalary diňe bir milli ruhy gymmatlyklar bilen däl-de, eýsem, umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelemäge gönükdirilýändigi aýdyň duýulýar. Ýurdumyzda geçirilýän halkara çaga festiwallaryna, intellektual bäsleşiklerine, sport ýaryşlaryna dünýäniň köp ýurtlarynyň çagalarynyň gatnaşmagy ýurdumyzda ýaş nesil babatynda halkara hyzmatdaşlygynyň giň gerime eýe bolýandygyny tassyklaýar. Ösüşiň häzirki tapgyrynda ýurdumyzyň dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen netijeli, işjeň ykdysady, medeni, ynsanperwer gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy barha giňeýär. Eneleriň we çagalaryň hukugyny, saglygyny goramak, ýaş nesillere belent ahlak, demokratik ýörelgeler esasynda terbiýe hem-de bilim bermek maksady bilen, halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Türkmenistan 1992-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen eneligi we çagalygy goldamak babatda BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF), Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Ilat gaznasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýdy.

Çaga hakynda

Söýülýän çagalar wagty gelip söýmegi başarýan ynsanlara öwrülýärler. Konfusiý.

Agzybir maşgala — jebis jemgyýet

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzda jemgyýetçilik hukuk tertibini, asuda we bagtyýar durmuşy üpjün etmekde, adamyň ömrüni hem-de saglygyny goramak babatda döwlet syýasatymyzy has-da ilerletmekde harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde täze wezipeleri kesgitledi. Ata-babalarymyz maşgala aýratyn mukaddeslik hökmünde garap, onuň abadançylygyny, agzybirligini ähli zatdan ýokary tutupdyrlar. Häzirki günlerimizde hem ogul öýerip, gyz çykarjak bolnanda, guda tarapyň maşgala agzybirligine, abadançylygyna, şol maşgalanyň il arasyndaky abraýyna aýratyn üns berilýär. Şonuň üçin hem türkmenlerde «Maşgalam — baş galam» diýen söz hemişe ýörgünli. Jemgyýetiň başlangyç topary bolan maşgala mukaddes ojak hasaplanylýar. Halk arasynda «Maşgalalar näçe agzybir bolsa, jemgyýet hem şonça jebisdir» diýilýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda maşgala gatnaşyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek, onuň hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen degişli işler alnyp barylýar.

Jigim-jigim jigirdek

Çagalar durmuşyň gülleri hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ähli şertler döredilen harby bölümlerde gulluk edýän serkerdeleriň gül, bal çagalary hem ajaýyp Watanymyzyň gujagynda ösüp, boý alýarlar. Biz bolsa Watan goragçylarynyň altyn aşyklary bolan bir şahanyň goşa güli — zehinli doganlar hakynda söz açmakçy. Mähirli lukman Mähriban

Maşgalanyň agzybirlik binýady

Çaga diýlende islendik türkmen zenany durky bilen mähir-muhabbete gaplanýar. Mähriban eneler balalarynyň näçe ýaşandygyna garamazdan, mydama olaryň aladasy bilen ýaşaýar. Ilki öz ogul-gyzlaryny, soň agtykdyr çowluklaryny bagryna basyp, gijeler ýatman, sallançagyň başynda hüwdi aýdyp daň atarýan mährem eneleri göreniňde ene mähribanlygynyň çäksizdigine göz ýetirýärsiň. Halkymyz çagaly öýi döwletli ojak hasap edýär. Çünki çaga — her bir ene-atanyň baş arzuwy, her bir ojagyň ody, durmuşyň dowamy, ýürekleriň örki. Olar maşgalanyň agzybirlik binýady. Halkymyzda «Çagany ýaşdan» diýen aýtgy bar. Munuň özi çaga terbiýesine irgözinden başlamagy, ýaş wagty aňa guýlan terbiýäniň bütin ömre hemra bolýandygyny aňladýar. Çagalaryň gören zadyny ýatda saklaýandygy, olaryň aňynyň kesgir, nazarlarynyň ýiti bolýandygy üçin ene-atalar iň ownuk hereketlerine-de, sözleýän sözlerine-de diýseň ünsli bolmaly. Çagalar bilen hoşamaý gatnaşyk saklamak, maşgalada birek-birege sylanyşykly bolmak her bir maşgalanyň mukaddes borjudyr. Maşgaladaky her bir bolýan hereketi, aýdylýan sözi dykgat bilen synlap, üns bilen diňleýän, olary aňyna ýazýan çagalaryň ertirki gün kim bolup ýetişjegi hut biz — ene-atalara baglydyr.

Röwşen geljegimiz

Çaga ynsanyň bagty, ömrüniň manysy. Çaga durmuşyň güli hasaplanýar. Çagalar ýetişip gelýän ter duýguly nesil. Olaryň şadyýan ruhy dünýäsi göwünlere we töwerege ýakym, nuranalyk hem giňlik çaýýar. Türkmen perzendini aýratyn mähir-muhabbet bilen gurşap alýar. Göreldäň, söýgiň, hormatyň, mähriň, sylagyň güýji bilen çaganyň kalbyna nusgalyk edep kadalaryny guýýar. Milli terbiýeçiligiň bu ajaýyp ýörelgesi barada taryhyň dürli döwürlerinde türkmen topragynda bolan daşary ýurtly alymlar haýran galmak bilen belläpdirler. Ilhalar nesli ýetişdirmekde maşgala terbiýesiniň aýratyn orny bar. Agzybir, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşaýan maşgalada kämil şahsyýetler kemala gelýär. Çaganyň ata-enesi onuň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegini üpjün etmek maksady bilen, çaga hakda alada we hossarlyk etmäge, onuň ösmegi we kämilleşmegi üçin şertleri döretmäge, ony watansöýüjilik, ynsanperwerlik, umumadamzat ruhy gymmatlyklaryň ruhunda terbiýelemäge, özboluşlylygyny, ýaşyny we jynsyny nazara alyp, onuň bilen şahsyýet hökmünde gatnaşmaga borçludyr.

Bagtyýarlygyň watany

Ata-babalarymyzyň «Çaga — ömrüň dowamy» diýip, jaýdar belleýşi ýaly, bu günki çagalar döwletiň we jemgyýetiň dowamatydyr. Ýurdumyzda maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, ýaş nesle bilim we terbiýe bermek babatda toplumlaýyn işer durmuşa geçirilýär. Watanymyzda dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän, ähli amatlyklary bolan çagalar baglarydyr orta mekdepler yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Diýarymyzyň gözel künjeklerinde bagtyýar ýaşlarymyzyň döwrebap bilim, terbiýe almaklary, sagdyn ösmekleri üçin çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri döredilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi hem ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar ýaşaýşy hakyndaky aladanyň bir nyşanydyr. 2021-nji ýylyň tomsunda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň welaýatlaryna bolan iş saparynyň dowamynda ady agzalan gaznanyň hasabyna her bir etrabyň çagalar bölümlerine we şäherleriň çagalar hassahanalaryna täze «Tiz kömek» awtoulaglaryny gowşurdy. Hormatly Arkadagymyzyň ýakynda Aşgabadyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde bolup, degişli lukmançylyk edaralarynda bejergi alýan çagalar üçin uly möçberde serişdeleri goýbermek barada karara gelmegi hem dünýä nusgalyk tagallalardyr.

Enemiň igi (Oýlanma)

Enemiň igi. Bu ik bilen bagly oýlar meniň hakydamy hiç wagt terk etmeýär. Çünki çagalykdan pyrlana-pyrlana kalbyma we didäme siňňitli siňen ik meniň bagtly çagalygymyň bir parçasy. Enem ik egrende bizem daşyna egele bolardyk. Köp çagaly maşgala bolanymyzdan soň, ejeme bize eýgermek aňsadam däldi, ana, şonda enem ejemiň dadyna ýetişerdi, ertekidir rowaýat gürrüň berip, ünsümizi özüne imrindirmegi başarardy. Enem ik egrende dünýäni unudýana meňzeýärdi, käteler hiňlenerdi, käteler henek-ýomak aýdardy, kätelerem juwan döwrüniň ýatlamalaryna berlerdi-de, birsellem igini dyzyna söýäp, Arşa, güneşe bakyp ýakymly oýlara berlerdi. Soňam birden pikirlerinden aýňalyp, igini pyrlamasyny dowam etdirerdi. Enemiň elleri şeýle bir çalasyndy welin, gözüňe ilmezdi, ikden endigan, inçe, uzyn ýüplükler emele gelip, owadan ýumak bolup dolanardy. Enem bize igiň gadymdan gelýän senetdigini, ussalaryň elinden döreýän bu täsin guralyň, haly ýaly sünnä we äpet senede özenlik bolup hyzmat edýändigini gürrüň bererdi. Enem igiň ikbaşyny emaý bilen sypap, bu guralyň ömrüniň hupbatly ýyllarynda eklenç çeşmesi bolup hyzmat edendigini tolgunyp we buýsanyp aýdardy. Enemiň çagalyk we juwanlyk ýyllary taryhyň we döwrüň dartgynly ýyllaryna gabat gelipdir, öýüň ulugyzy bolansoň, kakasyndan ir jyda düşen enem, ejesine güzeran babatda goldawçy bolmak üçin haly dokaýan öýleriň ýüplügini buýurma hökmünde alaga-da, onda

Dili senaly ene

Ogulbäbek eje horazlaryň ilki sesine oýanýar. Säher bilen ýakynlaryna, obadaşlaryna, tutuş il-güne ýagşy doga-dilegleri edýär. Ene il arasyndaky: «Säherde edilen doga-dilegler dergähe golaý bolarmyş» diýen yryma ynanýar. 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň apaty, ot içinde gahrymanlarça söweşen ýanýoldaşy Muhammediň gürrüňleri ýadyndan çykýan däldir-dä, «Indiki nesiller bir uruş apatyny görmäwersin!» diýip, gaýtalap-gaýtalap dileg eder. Oňa çenlem çowluklary Şanur bilen Allanur salamlaşmaga geler. Onsoň, şu obada, ýöne bölek ýaşaýan ogullarydyr gelinleri, agtyklarydyr çowluklary hem eneleriniň halyndan habar almaga gelerler. 111 ýaşy arka atan Ogulbäbek ejäniň her güni şeýle başlanýar.

SEN BIR TYLLA ÝÜZÜK... (Pederime ýüzlenme)

Şahyr Kakamyrat Rejebowda şeýle setirler bar: Adam dünýä inýär günleň bir güni,Iki jahan syry guýlup ýüregne.Adam dünýä inýär öz-özi bolup,Başga hiç kim doglup bilmez deregne.

Zerbap zerden zynat

Zenanlary gapjyksyz ýa-da bolmasa ýantorbasyz göz öňüne getirmek örän kyn. Siz zenanlaryň gündelik ulanýan ýantorbasynyň taryhy we biziň günlerimize gelip ýetişi barada oýlandyňyzmy? Geliň, bu barada gyzykly maglumatlar bilen tanyş bolalyň. Zenan gapjyklarynyň taryhy özüniň gözbaşyny Fransiýa döwletinden alyp gaýdýar. XII asyrda Fransiýada adamlar teňňe salmak üçin ýörite ýasalan haltajyklary jübi şekilinde egin-eşiklerine tikipdirler. Ol haltajyklary diňe aýallar däl, eýsem, erkekler hem pul we beýleki ownuk-uşak zatlary salmak üçin ulanypdyrlar.

Tebigat beripdir saňa gözellik

Ynsan häsiýetiniň, edim-gylymlarynyň çuňluklary ýaşaberdigiňçe has dolulygy bilen kem-kemden açylyberýän eken. Begendirýän ýeri, adamlar wagtyň geçmegi bilen ozallar juda özüne çekiji bolup, maýyl eden zatlaryň ters tarapyna düşünýärler-de, öň gowy bolup görnen zat hemmeleriňem ýazgarýan, oňlamaýan närsesine öwrülýär duruberýär. Ýadymyza düşýän bolsa ýaňy ýalydy, dişlerimizi gyzyla gapladyp, agzymyzy ýalpyldadyp ýörmekden lezzet alan günlerimiz... Şol wagtky garaýşymyz bilen seredenimizde ol erbedem gelişmeýän ýalydy. Elimizi ýüregimiziň üstünde goýup aýtsak, esli wagtlap ýoň bolan bu ýagdaýdan hiç birimizem sowa geçen dälmikäk diýýän. Kimiň özi, kimiň gyzy, kimiň bolsa aýal dogany ýa-da başga bir garyndaşy, garaz, bu ýagdaý dura-bara has ýörgünli nysaga öwrüliberdi. Ýok-ýok, bu nysak diňe gelin-gyzlara däl, erkekleriň hem ençemesine ýoň bolupdy. Kimler çykgynsyz ýagdaý bolup alyn dişlerini gyzyla gaplan bolsa, kimler ýöriteläp, abat dişlerine ezýet berip, bu nysaga eýerjek bolup çytraşdylar. Ýöriteläp abat dişlerini bibat edenler özlerine bir ömre ýeterlik zyýan edendiklerine düşündilerem welin... Onuň öwezini dolup bilýän zat barmy? Hawa, şahyryň: Gelin, näme dänjireýärsiň? Çüýredimi öňki dişiň?Altyn seni ýigdeltmändir, kyrk bolupdyr otuz ýaşyň.Hem pul seçdiň, hem garradyň, hem dişiňe berdiň jebir...

Öý bikesi öwrense...

Miweli süýjülik Hamyry üçin gerekli önümler:

Bagtly çagalaryň Diýary

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek, döwrebap bilim bermek ýurdumyzda aýratyn üns berilýän ugurlaryň biridir. Bu ugurda milli ýörelgelerimize, däp-dessurlarymyza esaslanmak we kämil terbiýeli döwrebap şahsyýetleri kemala getirmek göz öňüne tutulýar. Munuň özi bolsa pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda toplan baý tejribesiniň, terbiýe mekdebiniň döwrebap dowam etdirilýänliginiň aýdyň nyşanydyr. Danalaryň belleýşi ýaly, çaga ösüp gelýän nahaldyr, oňa näçe köp ideg etsek, söýgi bersek ol hem bize şonça mukdarda miwe berer. Şonuň üçin halk arasynda «Çagany ýaşdan, edebi başdan» diýen ajaýyp nakyl bar. Ýaş nahalyň owadan, ajaýyp we datly miwe bermegi diňe bir maşgala däl, eýsem, tutuş adamzat jemgyýetiniň ösmegine ýardam eder. Hut şonuň üçin hem her bir ata-ene, mugallym, terbiýeçi ýaş nahalyň sagdyn, jemgyýet üçin peýdaly bolup ýetişmeginde aýratyn orny eýeleýär. Eziz Diýarymyzda ýaş nesliň sagdyn kemala gelmegi, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda düýpli işleriň amala aşyrylýandygy buýsandyryjydyr. Ýurdumyzda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hereket edýär, her ýylyň 1-nji iýunynda Ýer ýüzünde bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni Watanymyzda hem giňden baýram edilýär. Bilşimiz ýaly, hormatly Arkadagymyz ata W

Maşgala gymmatlyklary mukaddesdir

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň täze eýýamynda raýatlaryň maddy hal-ýagdaýy, maşgalanyň durmuş we medeni ýaşaýyş şertleri gün-günden gowulaşýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda maşgalada eneligi goramak, bagtly çagalygy üpjün etmek ugrunda köp işler üstünlikli dowam edýär. Ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap terbiýe bermek, onuň fiziki we ruhy güýçlerini ösdürmek maşgalanyň borjy bolup durýar. Türkmen halkynda asyrlaryň jümmüşinden bäri maşgala ojagynyň mukaddesligi saklanyp gelýär. Maşgala — jemgyýetiň durnuklylygyny, ykdysady we ruhy ösüşini aýgytly derejede kesgitleýän ojak bolmak bilen onda: ata-eneler bilen çagalaryň arasynda bölünýän hukuklar we borçlar perzendiň çagalyk ýyllaryndaky köp ugurlary üçin esas bolup hyzmat edýär we soňra şahsyýetiň jemgyýetiň durmuşyna goşant goşmagyna uly täsirini ýetirýär.

Heniz dünýä buşlanmadyk bagtym bar

Daň atyp, bütin dünýä gözellik paýlamaga başlady. Säher näme? Säher — barlyk, ýaşaýşyň alamaty, ümmülmez älemi mähri bilen ýylatmak üçin Günüň dogmagy, guşlaryň saýramagy, al-elwan gülleriň açylmagy, gazandaky ak süýdüň çogmagy. Ynha-da, täze Gün dogdy. Pasyllaryň soltany bahar pasly hem paýawlap barýar. Säheriň howasy şeýlebir tämiz. Ony hiç zat bilen deňär ýaly däl. Ony diňe päkligiň baky alamaty bolan naşyja çagajyklara deňemek bolar. Endige görä her gün säher bilen penjiräni açamda säher şemaly ýüzümi mylaýymlyk bilen sypaýar. Şol hal gaýynenemiň gürrüň beren rowaýaty ýadyma düşýär: « Her gün daň atyp, Gün dogjak wagty perişdeler Güni gorap, onuň daşyndan atly aýlanar eken. Rowaýata görä säheriň şu ajaýyp, bagryňy oýkabermeli howasy bolsa şol perişdeleriň çapyp barýan atynyň ýelgini eken».

Edepli ile ýarar

Maşgalada her kim öz ýerinde durup, perzentlerine eýe çykyp, olaryň aň-düşünjelerini halka, il-güne, Watana, ahlak gymmatlyklaryna bolan mähir-muhabbete ýugrup, kemala getirip bilse, millet daragtynyň köküniň has-da çuňluklara aralaşmagyna ýol arçar. Eger-de iň esasy mekdep maşgala bolýan bolsa, onda eneler bala-çagalarynyň ilkinji mugallymlarydyr. Bu hakykat Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabynda şeýle teswirlenilýär: «Taryhyň müňläp çylşyrymlylyklaryna we külpetlerine ýan bermedik ykbalyň eýeleri – beýik şahsyýetler hem hemişe özleriniň ulalyp, kemala gelmeklerinde özüni dünýä inderen ynsanyň ornuna ýokary baha berýärler. Bu heňňamlar aýlanyp, ýaradylyşa mahsus üýtgewsiz kada diýilse, dogrudyr». Milletiň geljegini kesgitleýän kämil nesli kemala getirmek eneleriň esasy wezipesidir. Ene perzendine kükreginde gaýnaýan hem galkynýan täsin güýjüni, zehin-yhlasyny, mähir-söýgüsini bagyş edýär. Umyt-hyýalyny çagasynyň görüm-göreldesinde, bagtyýarlygynda görmäge synanyşýar, çünki ene mähir çeşmesidir.

HAL­KA­RA MAŞ­GA­LA GÜ­NI

Hal­ka­ra maş­ga­la gü­ni BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 1993-nji ýyl­da dö­re­dil­di we her ýy­lyň 15-nji ma­ýyn­da bel­le­nil­ýär. Ol köp ýurt­lar­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lup, iş­jeň bel­le­nil­ýär. Dün­ýä döw­let­le­ri bi­len bir­lik­de maş­ga­la gym­mat­ly­gy­na, akyl we be­den taý­dan sag­dyn nes­li ke­ma­la ge­tir­mek­li­ge bi­ziň ýur­du­myz­da hem aý­ra­tyn uly üns be­ril­ýär. Se­bä­bi maş­ga­la ada­myň ýa­şa­ýan jem­gy­ýe­ti­niň iň mö­hüm bö­le­gi­dir. Şo­nuň üçin adam­lar maş­ga­la gym­mat­lyk­la­ry­ny ös­dür­me­li. Jem­gy­ýet­de uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ne­sil­le­riň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­ga we ýe­ke ýa-da köp adam to­pa­ryn­da däl-de, has go­wy şert­ler­de ýa­şa­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän bir bi­te­wi bag­la­ny­şy­gy gol­da­mak eme­le gel­di.

Gowgaly ýyllaryň şaýady

Türkmengala etrabynyň Rehnet geňeşliginiň ýaşaýjysy Ogulnäzik Çaryýewa hem Beýik Watançylyk urşy ýyllarynyň çagalarynyň biri. Ol 1930-njy ýylda dogulýar. Ýaňy aga-gara düşünip ugran Ogulnäzik uruş ýyllarynda özünden ulularyň çaýyny gaýnadyp, goş-golamyny götermäge kömekleşipdir. Bugdaýa, gowaça suw tutmaga, orak ormaga, döwek döwmäge, pagta ýygmaga gatnaşypdyr. Birneme ulalyp, gazy gazmak, bugdaý ekmek, harman sowurmak ýaly işlerde taplanypdyr. Gündizlerine kolhozda zähmet çekse, gijelerine jorap, ellik örmek, keşde çekmek ýaly işler bilen meşgullanypdyr. Pelteli çyranyň yşygyna tikin-çatyn, örme işlerine gümra bolup, gijelerini urşa giden doganynyň ýeňiş bilen sag-aman dolanyp gelmegini dileg edip geçiren Ogulnäzik daň agarandan işe ugrapdyr.

Çaga — maşgalanyň bagty (durmuş pursatlary)

Halkymyz çagaly öýi döwletli ojak hasap edýär. Çaga hakynda söz gozgalsa, şahyryň: Owal-ahyr bagt bar bolsa dünýäde,Ol çagalaň mährem dideleridir