Heniz dünýä buşlanmadyk bagtym bar

18 Maý 2022
1532

Daň atyp, bütin dünýä gözellik paýlamaga başlady. Säher näme? Säher — barlyk, ýaşaýşyň alamaty, ümmülmez älemi mähri bilen ýylatmak üçin Günüň dogmagy, guşlaryň saýramagy, al-elwan gülleriň açylmagy, gazandaky ak süýdüň çogmagy. Ynha-da, täze Gün dogdy. Pasyllaryň soltany bahar pasly hem paýawlap barýar. Säheriň howasy şeýlebir tämiz. Ony hiç zat bilen deňär ýaly däl. Ony diňe päkligiň baky alamaty bolan naşyja çagajyklara deňemek bolar.

Endige görä her gün säher bilen penjiräni açamda säher şemaly ýüzümi mylaýymlyk bilen sypaýar. Şol hal gaýynenemiň gürrüň beren rowaýaty ýadyma düşýär: « Her gün daň atyp, Gün dogjak wagty perişdeler Güni gorap, onuň daşyndan atly aýlanar eken. Rowaýata görä säheriň şu ajaýyp, bagryňy oýkabermeli howasy bolsa şol perişdeleriň çapyp barýan atynyň ýelgini eken».

Beýleki habarlar