Ýurduň röwşen geljegi

2 Iýun 2022
1481

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda çagalar aýratyn goldaw bilen gurşalyp, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin zerur şertler döredilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler ata Watanymyzda çagalary diňe bir milli ruhy gymmatlyklar bilen däl-de, eýsem, umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelemäge gönükdirilýändigi aýdyň duýulýar. Ýurdumyzda geçirilýän halkara çaga festiwallaryna, intellektual bäsleşiklerine, sport ýaryşlaryna dünýäniň köp ýurtlarynyň çagalarynyň gatnaşmagy ýurdumyzda ýaş nesil babatynda halkara hyzmatdaşlygynyň giň gerime eýe bolýandygyny tassyklaýar.

Ösüşiň häzirki tapgyrynda ýurdumyzyň dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen netijeli, işjeň ykdysady, medeni, ynsanperwer gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy barha giňeýär. Eneleriň we çagalaryň hukugyny, saglygyny goramak, ýaş nesillere belent ahlak, demokratik ýörelgeler esasynda terbiýe hem-de bilim bermek maksady bilen, halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Türkmenistan 1992-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen eneligi we çagalygy goldamak babatda BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF), Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Ilat gaznasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýdy.

Aýjeren IMAMGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar