Edepli ile ýarar

10 Maý 2022
1642

Maşgalada her kim öz ýerinde durup, perzentlerine eýe çykyp, olaryň aň-düşünjelerini halka, il-güne, Watana, ahlak gymmatlyklaryna bolan mähir-muhabbete ýugrup, kemala getirip bilse, millet daragtynyň köküniň has-da çuňluklara aralaşmagyna ýol arçar. Eger-de iň esasy mekdep maşgala bolýan bolsa, onda eneler bala-çagalarynyň ilkinji mugallymlarydyr. Bu hakykat Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabynda şeýle teswirlenilýär: «Taryhyň müňläp çylşyrymlylyklaryna we külpetlerine ýan bermedik ykbalyň eýeleri – beýik şahsyýetler hem hemişe özleriniň ulalyp, kemala gelmeklerinde özüni dünýä inderen ynsanyň ornuna ýokary baha berýärler. Bu heňňamlar aýlanyp, ýaradylyşa mahsus üýtgewsiz kada diýilse, dogrudyr».

Milletiň geljegini kesgitleýän kämil nesli kemala getirmek eneleriň esasy wezipesidir. Ene perzendine kükreginde gaýnaýan hem galkynýan täsin güýjüni, zehin-yhlasyny, mähir-söýgüsini bagyş edýär. Umyt-hyýalyny çagasynyň görüm-göreldesinde, bagtyýarlygynda görmäge synanyşýar, çünki ene mähir çeşmesidir.

Aýjemal KAKAJYKOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar