Tebigat beripdir saňa gözellik

26 Maý 2022
2072

Ynsan häsiýetiniň, edim-gylymlarynyň çuňluklary ýaşaberdigiňçe has dolulygy bilen kem-kemden açylyberýän eken. Begendirýän ýeri, adamlar wagtyň geçmegi bilen ozallar juda özüne çekiji bolup, maýyl eden zatlaryň ters tarapyna düşünýärler-de, öň gowy bolup görnen zat hemmeleriňem ýazgarýan, oňlamaýan närsesine öwrülýär duruberýär. Ýadymyza düşýän bolsa ýaňy ýalydy, dişlerimizi gyzyla gapladyp, agzymyzy ýalpyldadyp ýörmekden lezzet alan günlerimiz... Şol wagtky garaýşymyz bilen seredenimizde ol erbedem gelişmeýän ýalydy. Elimizi ýüregimiziň üstünde goýup aýtsak, esli wagtlap ýoň bolan bu ýagdaýdan hiç birimizem sowa geçen dälmikäk diýýän. Kimiň özi, kimiň gyzy, kimiň bolsa aýal dogany ýa-da başga bir garyndaşy, garaz, bu ýagdaý dura-bara has ýörgünli nysaga öwrüliberdi. Ýok-ýok, bu nysak diňe gelin-gyzlara däl, erkekleriň hem ençemesine ýoň bolupdy. Kimler çykgynsyz ýagdaý bolup alyn dişlerini gyzyla gaplan bolsa, kimler ýöriteläp, abat dişlerine ezýet berip, bu nysaga eýerjek bolup çytraşdylar. Ýöriteläp abat dişlerini bibat edenler özlerine bir ömre ýeterlik zyýan edendiklerine düşündilerem welin... Onuň öwezini dolup bilýän zat barmy? Hawa, şahyryň:

Gelin, näme dänjireýärsiň? Çüýredimi öňki dişiň?
Altyn seni ýigdeltmändir, kyrk bolupdyr otuz ýaşyň.
Hem pul seçdiň, hem garradyň, hem dişiňe berdiň jebir...

Jahan ANNAÝEWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar