Maşgala gymmatlyklary mukaddesdir

18 Maý 2022
1613

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň täze eýýamynda raýatlaryň maddy hal-ýagdaýy, maşgalanyň durmuş we medeni ýaşaýyş şertleri gün-günden gowulaşýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda maşgalada eneligi goramak, bagtly çagalygy üpjün etmek ugrunda köp işler üstünlikli dowam edýär. Ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap terbiýe bermek, onuň fiziki we ruhy güýçlerini ösdürmek maşgalanyň borjy bolup durýar.

Türkmen halkynda asyrlaryň jümmüşinden bäri maşgala ojagynyň mukaddesligi saklanyp gelýär. Maşgala — jemgyýetiň durnuklylygyny, ykdysady we ruhy ösüşini aýgytly derejede kesgitleýän ojak bolmak bilen onda: ata-eneler bilen çagalaryň arasynda bölünýän hukuklar we borçlar perzendiň çagalyk ýyllaryndaky köp ugurlary üçin esas bolup hyzmat edýär we soňra şahsyýetiň jemgyýetiň durmuşyna goşant goşmagyna uly täsirini ýetirýär.

Beýleki habarlar