Bagtly çagalaryň Diýary

25 Maý 2022
1190

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek, döwrebap bilim bermek ýurdumyzda aýratyn üns berilýän ugurlaryň biridir. Bu ugurda milli ýörelgelerimize, däp-dessurlarymyza esaslanmak we kämil terbiýeli döwrebap şahsyýetleri kemala getirmek göz öňüne tutulýar. Munuň özi bolsa pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda toplan baý tejribesiniň, terbiýe mekdebiniň döwrebap dowam etdirilýänliginiň aýdyň nyşanydyr.

Danalaryň belleýşi ýaly, çaga ösüp gelýän nahaldyr, oňa näçe köp ideg etsek, söýgi bersek ol hem bize şonça mukdarda miwe berer. Şonuň üçin halk arasynda «Çagany ýaşdan, edebi başdan» diýen ajaýyp nakyl bar. Ýaş nahalyň owadan, ajaýyp we datly miwe bermegi diňe bir maşgala däl, eýsem, tutuş adamzat jemgyýetiniň ösmegine ýardam eder. Hut şonuň üçin hem her bir ata-ene, mugallym, terbiýeçi ýaş nahalyň sagdyn, jemgyýet üçin peýdaly bolup ýetişmeginde aýratyn orny eýeleýär. Eziz Diýarymyzda ýaş nesliň sagdyn kemala gelmegi, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda düýpli işleriň amala aşyrylýandygy buýsandyryjydyr. Ýurdumyzda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hereket edýär, her ýylyň 1-nji iýunynda Ýer ýüzünde bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni Watanymyzda hem giňden baýram edilýär. Bilşimiz ýaly, hormatly Arkadagymyz ata Watanymyzda çagalaryň aýdyň geljegine gönükdirilen beýik işleri üstünlikli amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz maý aýynyň başynda özüniň Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň çäginde Türkmenbaşy şäherinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýakynda açylyp ulanylmaga berlen köpugurly hassahana bardy we bu ýerde bejergi alýan çagalara döredilýän ýokary amatlykly şertler bilen ýakyndan tanyşdy. Ýakynda bolsa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Arkadagymyz paýtagtymyzda ýerleşýän Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine baryp, merkeziň mümkinçiliklerini gözden geçirdi. Şonda Gahryman Arkadagymyzyň bu ýerde bejergi alýan çagalar üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan pul serişdesini goýbermegi hem ýurdumyzda çagalar hakynda edilýän aladanyň bimöçberdiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Dünýägözel ÇERKEZOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar