Bagtyýarlygyň watany

30 Maý 2022
1455

Ata-babalarymyzyň «Çaga — ömrüň dowamy» diýip, jaýdar belleýşi ýaly, bu günki çagalar döwletiň we jemgyýetiň dowamatydyr. Ýurdumyzda maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, ýaş nesle bilim we terbiýe bermek babatda toplumlaýyn işer durmuşa geçirilýär. Watanymyzda dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän, ähli amatlyklary bolan çagalar baglarydyr orta mekdepler yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Diýarymyzyň gözel künjeklerinde bagtyýar ýaşlarymyzyň döwrebap bilim, terbiýe almaklary, sagdyn ösmekleri üçin çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri döredilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi hem ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar ýaşaýşy hakyndaky aladanyň bir nyşanydyr. 2021-nji ýylyň tomsunda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň welaýatlaryna bolan iş saparynyň dowamynda ady agzalan gaznanyň hasabyna her bir etrabyň çagalar bölümlerine we şäherleriň çagalar hassahanalaryna täze «Tiz kömek» awtoulaglaryny gowşurdy. Hormatly Arkadagymyzyň ýakynda Aşgabadyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde bolup, degişli lukmançylyk edaralarynda bejergi alýan çagalar üçin uly möçberde serişdeleri goýbermek barada karara gelmegi hem dünýä nusgalyk tagallalardyr.

Leýli MURADOWA,
Daşoguz şäher ýuridik maslahathanasynyň adwokaty.
Beýleki habarlar