Enemiň igi (Oýlanma)

26 Maý 2022
1702

Enemiň igi. Bu ik bilen bagly oýlar meniň hakydamy hiç wagt terk etmeýär. Çünki çagalykdan pyrlana-pyrlana kalbyma we didäme siňňitli siňen ik meniň bagtly çagalygymyň bir parçasy. Enem ik egrende bizem daşyna egele bolardyk. Köp çagaly maşgala bolanymyzdan soň, ejeme bize eýgermek aňsadam däldi, ana, şonda enem ejemiň dadyna ýetişerdi, ertekidir rowaýat gürrüň berip, ünsümizi özüne imrindirmegi başarardy. Enem ik egrende dünýäni unudýana meňzeýärdi, käteler hiňlenerdi, käteler henek-ýomak aýdardy, kätelerem juwan döwrüniň ýatlamalaryna berlerdi-de, birsellem igini dyzyna söýäp, Arşa, güneşe bakyp ýakymly oýlara berlerdi. Soňam birden pikirlerinden aýňalyp, igini pyrlamasyny dowam etdirerdi. Enemiň elleri şeýle bir çalasyndy welin, gözüňe ilmezdi, ikden endigan, inçe, uzyn ýüplükler emele gelip, owadan ýumak bolup dolanardy. Enem bize igiň gadymdan gelýän senetdigini, ussalaryň elinden döreýän bu täsin guralyň, haly ýaly sünnä we äpet senede özenlik bolup hyzmat edýändigini gürrüň bererdi. Enem igiň ikbaşyny emaý bilen sypap, bu guralyň ömrüniň hupbatly ýyllarynda eklenç çeşmesi bolup hyzmat edendigini tolgunyp we buýsanyp aýdardy. Enemiň çagalyk we juwanlyk ýyllary taryhyň we döwrüň dartgynly ýyllaryna gabat gelipdir, öýüň ulugyzy bolansoň, kakasyndan ir jyda düşen enem, ejesine güzeran babatda goldawçy bolmak üçin haly dokaýan öýleriň ýüplügini buýurma hökmünde alaga-da, ondan düşen gazanja maşgala zerur bolan azyk-owkada we beýleki derwaýys serişdelere harçlapdyr, ejesi eneme guwanyp-buýsanyp: «Bibim — bereket bulagym» diýer eken. Biz şol mahallar enemiň igini näçe synlasagam, ony öwrenmegiň pikirini etmändiris, ýogsam, enem ony biziň öwrenerimizi herhal islärdi. Oýna melul çaga göwnümiz o wagtlar eneli günleriň ötegçidigini, igiň pyrlanyp, kalbymyza şatlyk paýlaýan pursatlarynyň wagtlaýyndygyny näbilsin! «Öwrener ýöreris-dä» diýlen biagyrylygam bizi şol senet bilen bagly başarnykdan üzňeleşdiripdir. Ejemiňem ikden başy çykman duranokdy, ýöne ejem ömrüni mugallymçylyga bagyş edensoň, mydama biziň terbiýämiz we öz işi bilen gümra bolup ber-başagaýdy.

Hawa, ik barada agzadym welin, soňky döwürde, hususanam, Garaşsyzlyk ýyllarynda milli mirasymyza aýratyn sarpa goýulýan döwürde teleýaýlymlarda owadan lybasly gelinleriň, mährem eneleriň ümä üýşüp, keşde çekip, ik egrip, keçe basyşlaryny görenimde ýüregim gobsunyp gidýär, kalbym guwanja beslenen duýgulara pürepürlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly kitabynda belleýşi ýaly: «Biziň baý hem-de gadymy mirasymyz, bahasyna ýetip bolmajak medeni-ruhy gymmatlyklarymyz bar». Ana, şolary apalamakda, ezizlemekde, eşrepi deýin aýap saklamakda we geljekki nesillerimize gowşurmakda mähriban ene-mamalarymyzyň üstüne düşýän jogapkärçilik juda uly. Şonuň üçinem Arkadagly Serdarymyzyň röwşen günlerini ykbalymyza ýazýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümizde milli medeni miras bilen bagly ýörelgelere berilýän üns hasam ýokarlanýar. Bu bolsa ik egirmek, çal tutmak, ýüwsedir oýmaklary giňden ulanmak, çagalara niýetlenen kürtekçelerdir kirlikler, ýüň süýmek, saýmak, keleplemek ýaly başga-da köp dürli el işlerimize dolanmagymyza, olary döwrebap durmuşymyz bilen utgaşdyryp, milliligimiziň has-da ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirýär.

Dursun TEKÄÝEWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar