"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

19-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasseri kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, YÖB-niň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýän hem-de netijeli durmuş-ykdysady özgertmeleri, giň gerimli düzümleýin maksatnamalary amala aşyrýan Türkmenistan bilen köpýyllyk gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady. Pursatdan peýdalanyp, jenap Muhammad Al Jasser hormatly Prezidentimizi we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy

19-njy sentýabrda paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Watanymyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän gözden geçiriliş milli ykdysadyýetimiziň, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik, medeni-ynsanperwer durmuşyndaky giň möçberli özgertmeleriň, özboluşly baý medeni mirasymyzyň guwandyryjy üstünliklerini şöhlelendirýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylda Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýan bu forum aýratyn ähmiýete eýedir. Garaşsyz Türkmenistan ählumumy dünýä hojalyk gatnaşyklaryna okgunly goşulyşýan ýurt hökmünde ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösýändigini, serişdeler kuwwatynyň artýandygyny we geljeginiň uludygyny tutuş dünýä äşgär edýär.

Paýtagtymyzda halkara ylmy maslahat we sergi geçirilýär

Düýn paýtagtymyzda «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahat hem-de onuň çäklerinde Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda gazanylanlaryň sergisi açyldy. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilýän forum Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we beýleki döwletleriň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy-barlag, önümçilik merkezleriniň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekillerini bir ýere jemledi. Forumyň çäklerinde myhmanlar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda guralan sergä baryp gördüler. Sergi türkmen oba hojalykçylarynyň üstünliklerini aýdyň şöhlelendirmek bilen, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň mümkinçilikleri, importyň ornuny tutýan, eksport ugurly ýokary hilli önümleriň önümçiligi ulgamynda mümkinçilikleri artdyrmak üçin döredilýän şertler bilen tanyşdyrýar. Onda möhüm ähmiýetli oba hojalyk ekinleriniň genofondy, türkmen seçgiçi alymlarynyň irginsiz zähmetiniň miwesi bolup durýan, ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän bugdaý tohumlarynyň görnüşleriniň nusgalary bilen hem tanşyp bolýar.

Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasy hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Zeýnal Gajiýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşyldy we özara gatnaşyklary giňeltmek babatynda öňde duran bilelikdäki wezipeler kesgitlenildi.

Andalyp şäherinde etrap aragatnaşyk bölüminiň täze binasy ulanmaga berildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Andalyp şäherinde etrap aragatnaşyk bölüminiň täze binasy ulanmaga berildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, «Daşoguztelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň gurluşyk-abatlaýyş bölüminiň işçi-hünärmenleri tarapyndan gurlan binada häzirki zamanyň ösen isleglerine laýyk gelýän iň kämil enjamlar ornaşdyryldy. Ol etrabyň şäher we oba ilatyna ýokary derejede aragatnaşyk hyzmatlaryny ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Tagtabazar etrap aragatnaşyk bölüminiň täze edara binasy açylyp ulanmaga berildi

«Marytelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň Tagtabazar etrap aragatnaşyk bölüminiň täze döwrebap edara binasy açylyp ulanmaga berildi. Bu bina etrap merkezine aýratyn gözellik berýär diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, 2 gatdan, 16 sany önümçilik we iş maksatly otaglardan ybarat bina sanly ulgamyň kämil enjamlary bilen üpjün edilipdir. Munuň özi etrabyň ýaşaýjylaryna aragatnaşyk hyzmatynyň dürli görnüşini ýokary hilli guramaga ýardam berer.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli guralýan ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara

Hormatly sergä gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli guralýan ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu serginiň Garaşsyzlygyň aýdyň ýolunda ykdysadyýetimiziň gazanýan uly üstünlikleriniň özboluşly görkezijisine öwrüljekdigine, ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini giňden ýaýmakda möhüm orny eýelejekdigine berk ynanýaryn.

Daşoguz welaýatynda aragatnaşyk pudagynyň täze döwrebap edara binalary açyldy

18-nji sentýabarda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Döwlet Baştutanymyzyň bagtyýar döwrümiziň badyna tizlik berýän başlangyçlary bilen, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Andalyp şäherinde aragatnaşyk pudagynyň işgärleri üçin niýetlenen, ähli amatlyklary bolan täze döwrebap 2 gatly edara binasynyň hem-de kömekçi binalaryň açylyş dabarasy geçirildi. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň buýurmasy boýunça bina edilen döwrebap binalaryň gurluşyk işleri halkara ülňülere laýyklykda amala aşyrylyp, iş otaglarynyň giňligi we ýagtylygy iň amatly şertlere kybap gelýär we häzirkizaman enjamlary bilen doly üpjün edildi.

Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri Rumyniýada tanyşdyryldy

2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň binasynda “Ulag diplomatiýasy: Türkmenistan we Rumyniýa – Aziýanyň we Ýewropanyň birleşmesi” atly tegelek stol geçirildi. Çärä Rumyniýada ulag we infrastruktura ministrligiň Döwlet sekretary Adrian Jorj Fogiş, şeýle hem  Rumyniýada akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň ulag we üstaşyr mümkinçilikleri, ýurdumyzyň çäginde döredilýän multimodal ulag infrastrukturasy, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag pudagyndaky halkara başlangyçlary bilen tanyş edildi. Hususan-da, dünýä jemgyýetçiliginiň we halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-nyň goldawy we Türkmenistanyň bu pudagy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi barada söhbet edildi. Şol bir wagtyň özünde, ulag pudagynyň häzirki ýagdaýy, öňde goýulan taslamalar we geljek meýilnamalar barada söhbet etdiler.

Türkmenistanda kiberhowpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlyk etmek Maksatnamasy taýýarlanar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň sanly ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipler hödürlenildi. Ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny halkara hukugyň häzirki zaman kadalaryna laýyk getirmäge gönükdirilen Hereketleriň meýilnamasyny taýýarlamak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň sanlylaşdyrmak boýunça kabul edilen konwensiýalara goşulmagynyň mümkinçiliklerini öwrenmek, milli kanunçylygymyzy halkara resminamalara laýyklykda kämilleşdirmek babatda hyzmatdaş halkara guramalar bilen degişli okuwlary we maslahatlary yzygiderli geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ikinji “Merkezi Aziýa — Germaniýa” sammitine gatnaşdy

17-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen Astanada geçirilýän ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän parahatçylyk döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, netijeli halkara dialoga ygrarlydygyny görkezýär. Munuň özi ählumumy ösüşiň möhüm wezipelerini çözmäge, umumy bähbitlere laýyklykda, özara ynanyşmak ýagdaýyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam edýär. Türkmen tarapynyň “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyndaky ýokary derejeli köptaraplaýyn duşuşyga gatnaşmagy hem munuň nobatdaky güwäsidir. Duşuşygyň gün tertibi häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň ençemesini öz içine alýar.

Hormatly Prezidentimiz: Merkezi Aziýa sebitiniň we Germaniýanyň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň uly geljegi bar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitindäki çykyşynda ykdysadyýeti Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezdi.  «Ykdysadyýet biziň gatnaşyklarymyzyň öňbaşçysy bolmalydyr, bir tarapdan, sebitiň ýurtlarynda german işewürliginiň berk we durnukly ornuny, beýleki tarapdan bolsa, Merkezi Aziýanyň dünýä ykdysadyýetine, maýa goýum işlerine, şol sanda german kompaniýalary bilen gatnaşyklar arkaly çalt we netijeli goşulyşmagyny üpjün etmelidir» – diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi.

German kompaniýalary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýärler

Ýakynda Astanada geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň ikinji duşuşygyna gatnaşan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy.  Germaniýanyň Ykdysadyýet we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Federal ministrliginiň parlament stats-sekretary Mihael Kellner döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, GFR-iň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen birnäçe geljegi uly ugurlarda däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, şeýle ýokary derejedäki gyzyklanma köpýyllyk bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesi, şeýle hem ýurdumyzda daşary ýurtly işewürler üçin döredilýän amatly şertler bilen şertlendirilendir. 

Koreýanyň Türkmenistandaky Ilçisiniň “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna iş sapary

Ýakyynda Koreýanyň Türkmenistandaky Ilçisi we Ilçihananyň wekilleri “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna iş saparyny amala aşyrdylar. Saparyň dowamynda myhmanlar zawodyň önümçilik mümkinçilikleri we kuwwaty bilen tanyş boldular. Zawodyň wekilleri tarapyndan häzirki wagtda alnyp barylýan taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada gürrüň berildi. Myhmanlar hususanda, zawodda gurulýan 2 sany gury ýük gämisiniň gurluşyna syn etdiler. Myhmanlar “Balkan” zawodynda ornaşdyrylan häzirki zaman enjamlary we tehniklary aýratyn belläp, alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem çuňlaşdyrmaga taýýardygyny nygtadylar. Bu saparyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Berkarar» myhmanhasynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan bilelikdäki türkmen-koreý maslahaty geçirildi. Maslahata “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri, Koreýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekilleri «KOMEA» deňiz enjamlaryny öwreniş assosiasiýasynyň ýolbaşçylary, «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» (KSIT) kompaniýanyň wekilleri hem-de gatnaşdylar.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda «Liebherr» kompaniýasynyň hyzmat merkezini döretmek teklip edildi

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen Gazagystanyň paýtagtynda geçirilýän ikinji duşuşygyna gatnaşan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow german işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Ulag-aragatnaşyk pudagy boýunça Türkmenistanda üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryna gatnaşmaga Germaniýanyň işewürleri uly ähmiýet berýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hazar deňzindäki port desgalaryny german işewürliginiň bähbidine hem ulanmagyň mümkinçiliklerine garamaga taýýardygy bellenildi.

Eziz Diýar – toýa barýar

Üstünliklere we rowaçlyklara beslenip dowam edýän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň her bir güni şanly senelere, toýdur baýramlara, ýatdan çykmajak taryhy wakalara ulaşýar. Bilşimiz ýaly, şu günler agzybir hem-de zähmetsöýer halkymyz ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuna barýar. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuwynyň hasyl bolup, milli senenamamyzda müdimilik orun alan Garaşsyzlyk baýramy ähli raýatlarymyzyň kalplaryna egsilmez buýsanç, gözlerine çäksiz guwanç duýgularyny çaýýar. Şöhratly taryhyň gatlaryna nazar aýlasak, agzybirlik we jebislik, berkararlyk we döwletlilik pähimdar pederlerimiziň arzuwy bolupdyr. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz döwletlilik ýörelgesini berkarar etdi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan işler, ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün edýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde bagtyýar halkymyz eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly toýuna barýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde geçilen şöhratly ýola nazar aýlanyňda, ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, beýik ösüşleri ýüregiňe buýsanç duýgularyny eçilýär. Şeýle okgunly öňegidişlikleriň bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda beýik işler bilen rowaçlanýandygy bagtyýar raýatlarymyzy döredijilikli zähmet çekmäge, agzybirlikde

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

16-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi.

Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 13-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisini guramak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, gözden geçirilişi paýtagtymyzdaky "Garagum" myhmanhanasynyň ýanynda geçirmegi meýilleşdirilýär. Onuň açylyş dabarasy 19-njy sentýabrda guralar. Sergide hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda dürli ugurlar boýunça amala aşyrylýan özgertmeler, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler öz beýanyny tapar. Forumyň çäklerinde döwlet we hususy kärhanalara täze önümleri, geljekki ösüş maksatnamalary, maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmak üçin mümkinçilik dörediler. Şeýle hem haly dokamak, dutar ýasamak, küýzegärlik ýaly halk senetçiliginiň görnüşleri boýunça ussatlyk sapaklaryny guramak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 73,5 göterim ýokarlandy

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky söwda dolanyşygy görnetin ýokarlandy. Bu barada “Trend” habar berýär. Çeşmäniň bellemegine görä, şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda türkmen-rus söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 73,5 göterim ýokarlandy. Has takygy, hasabat döwründe iki ýurduň arasyndaky özara söwda 700 million amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistanda täze ýokary tizlikli “Sarahs-Mary-Serhetabat” awtoulag ýoluny gurmak meýilleşdirilýär

“Ojar Aziýa” hususy kärhanasy “Sino Gidro Bureau 12. Co., Ltd.”-iň Ýewraziýadaky wekilhanasy bilen “Sarahs-Mary-Serhetabat” ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň gurluşygy üçin strategiki şertnama baglaşdy. Uzynlygy takmynan 450 kilometr, şol sanda 35 kilometri goşmaça ýollardan ybarat bolan bu ýol sebitdäki iň uly ýollaryň biri bolar. Ýoluň ini 50 metr bolup, ýol hereketlerini 8 zolakda tertipleşdirmäge mümkinçilik berer hem-de howpsuzlygy ýokarlandyrmak üçin ýörite bölüjiler bilen enjamlaşdyrylar. Gurluşyk wagtynda asfaltbetony, sintetiki örtükler we ýörite güýçlendiriji elementler ýaly innowasion tehnologiýalary we materiallary ulanmak meýilleşdirilýär, bu bolsa ýoluň berkligini we hilini ep-esli ýokarlandyrar.