"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Türkmenistan we Türkiýe Hazaryň we Gara deňziň üstünden geçýän üstaşyr ýollary işjeňleşdirer

Türkmenistan we Türkiýe Hazaryň we Gara deňizleriň üstünden geçýän ulag geçelgeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak barada ylalaşdylar. Muny Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ankarada geçirilen Türkmen-türk işewürlik forumynda aýtdy diýip, «Report.az» habar berdi. «Iki ýurduň arasynda söwdany ösdürmekde üstaşyr ýük daşamalar ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm orny tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bar bolan ulag geçelgeleriniň, hususan-da, Hazarüsti hem-de Hazar deňzi — Gara deňiz ulag geçelgeleriniň işjeňligini ýokarlandyrmagyň we täze ugurlary döretmegiň özara bähbitli boljakdygy nygtaldy» diýip, TDH Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sözleri getirýär.

Türkmenistan Astrahanda geçirilen halkara ulag forumyna gatnaşdy

Golaýda Astrahanda «Demigrazyk — Günorta» HUG — täze konsepsiýa» atly halkara forum geçirildi. Oňa Türkmenistan hem gatnaşdy diýip, «Report.az» habar berdi. Forumda Türkmenistandan başga-da, Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa, Belarus, Özbegistan, Hindistan, Pakistan, BAE ýaly ýurtlardan 150-den gowrak kompaniýanyň wekilleri ulag hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşdylar we logistika pudagy we ilkinji nobatda, «Demirgazyk—Günorta» halkara ulag geçelgesiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly amaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň bilelikdäki demir ýollary kärhanasy döredildi

Gazagystan Demir ýollarynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Gazagystan, Azerbaýjan we Gruziýa demir ýollarynyň wekilleri özara deňlik ýörelgelerinde bilelikdäki kärhanany döretmek barada şertnama baglaşdylar. Bu resminama gol çekişlik Tbiliside ýerleşýän Ýüpek ýoly forumynyň çäginde geçirildi. Hasabata görä, täze kompaniýa «Orta multimodal geçelgesi» diýlip atlandyrylar we Gazagystanyň Astana halkara maliýe merkezinde ýerleşer. Onuň esasy wezipesi hazar halkara ýolunyň ugrunda multimodal transporty ösdürmek, «bir penjire» ýörelgesine laýyklykda hyzmatlary berkitmek we Hytaý – Ýewropa we Türkiýe - Hytaý ugurlarynda multimodal transporty ösdürmek üçin utgaşdyrylan syýasaty alyp barmakdan ybarat bolar.

Döwrebap hünärmenleri taýýarlamak ugrunda

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 25-26-njy oktýabrda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran ilkinji resmi sapary taryhy çözgütlere baý boldy. Saparyň barşynda netijeli gepleşikleriň ençemesi geçirilip, iki döwletiň arasynda ozaldan hereket edip gelýän 182 resminamanyň üsti täze ylalaşyklaryň ýene-de 13-si bilen ýetirildi. Şolaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Adam serişdeleri edarasynyň arasynda adam serişdelerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem bar. Saparyň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Adam serişdeleri edarasynda türkmen we türk wekiliýetiniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirilip, Ähtnamanyň bölümleri barada pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, Ähtnamada hyzmatdaşlygyň adam serişdelerini dolandyrmak bilen baglanyşykly çap edilen materiallary we görkezme esbaplary, bu ulgamda bilimleri we tejribeleri paýlaşmak, özara hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin bilermenleriň ýygnaklaryny guramak hem-de iki ýurduň çäginde alnyp barylýan döwlet gullugynda adam serişdelerini dolandyrmak bilen bagly çärelere gatnaşmak ýaly görnüşleri göz öňünde tutulandyr. Döwlet gullukçylaryny taýýarlamak ulgamynda ulanylýan gurallardyr amatly programmalar bilen tanyşdyrmak, okuw meýilnamalary

Işewürlik gatnaşyklarynda täze mümkinçilikler

Gahryman Arkadagymyz döwletimize baştutanlyk eden ilkinji ýyllaryndan ýurdumyzy ösdürmegiň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça kabul edilen döwlet we milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, ykdysady özgertmeleriň depginini artdyrmakda hususy ulgamyň işine aýratyn ähmiýet berdi. Milli Liderimiziň «Telekeçiler ýurdumyzyň altyn gaznasydyr» diýen sözleri bolsa türkmen hususyýetçileriniň göwnüni galkyndyryp, täzeçe işlemäge hyjuw döretdi. Şunda daşary ýurtlara amala aşyrylýan saparlarda Hökümet wekiliýetiniň düzümine telekeçileri hem goşmak däbi ýola goýlup, munuň özi işewürlik ugurly hyzmatdaşlygy berkitmekde netijeli başlangyç boldy. Bu günki gün şol asylly başlangyçlar hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Mälim bolşy ýaly, 25-26-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynda resmi saparda boldy. Şol sapara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan işewürler hem gatnaşdylar. Ýokary derejede guralýan şeýle saparlar özara hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça pugtalandyrmaga we anyk netijeleri gazanmaga ýardam edýär. Ankarada geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyk hem iki doganlyk halkyň netijeli gatnaşyklarynyň ýyl ýazgysynda täze sahypany açjak möhüm waka boldy.

Ählumumy energetikanyň şu güni we geljegi

«ýaşyl» ösüşe, birleşen tagallalara baglydyr Ýurdumyzda indi 28-nji gezek geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly halkara forum energetika bazarynyň ösüşindäki ählumumy ýagdaýlara syn bermek we hyzmatdaşlygyň geljegi, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek boýunça ozal bar bolan nebitdir gaz känlerini işläp geçmek, täzelerinde gazyp almak işini işjeňleşdirmek ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etdi. Forumda çykyş edenler dünýäniň 46 döwletinden nebitgaz kompaniýalarynyň, iri halkara maliýe institutlarynyň wekilleriniň 700-den gowragyny paýtagtymyzda jemlän bu giň gerimli çäräniň ählumumy energetikanyň häzirki ýagdaýydyr geljegine baha bermek nukdaýnazaryndan barha uly ähmiýete eýe bolýandygyny, geografiýasyny yzygiderli giňeldýändigini biragyzdan tassykladylar.

Beýik şahyryň belent sarpasy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran ilkinji resmi sapary döwletimiziň halkara giňişlikde dost-doganlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem dostluk temasy mynasyp beýanyny tapýar. Şahyryň adamlary dostluga, agzybirlige çagyrýan ündewleri bu gün türkmen döwletinde wysal tapýar. Hormatly Prezidentimiz doganlyk Türkiýä saparynyň barşynda akyldar şahyryň Ankaranyň «Türkmenistan» seýilgähindäki görnükli ýadygärligine hem gül goýmak çäresine gatnaşdy. Bu ýagdaý bizi has-da buýsandyrdy. Şahyryň şeýle heýkelleriniň Russiýa Federasiýasynyň Stawropol ülkesiniň Edelbaý obasynda, Astrahan şäherinde, Özbegistanda, Ukrainada hem bardygyny bellemek aýratyn guwandyryjy ýagdaýdyr. Heýkel — belent hormatyň ebedileşdirilmegi. Magtymguly Pyragy hem bakylygyň şahyrydyr. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyz özüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda örän çeper beýan etdi. Ýeri gelende bellesek, Ankara uniwersitetinde «Magtymgulyny öwreniş» dersiniň okadylýandygy hem guwandyryjydyr.

Doganlyk ýoldaky dostluk daragty (Ýaş žurnalistiň sözi)

Täze taryhy eýýamda türkmen-türk gatnaşyklarynyň mysalynda gol-pudak ýaýradyp, okgunly ösüşe eýe bolýar Oňony gök böriniň ýol görkezmeginde tutuş jahana ýaň salan Oguz hanyň kowumlary täze müňýyllygyň başynda gadymy adatlaryna ygrarly bolup, birek-birek bilen hoşniýetli gatnaşyklary alyp barýarlar. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ýola goýan hem-de dürli ugurlarda üstünlikli ösdürýän dostlukly hyzmatdaşlygy muňa aýdyň mysaldyr.

Türkmenistan — ABŞ: medeni gatnaşyklar berkidilýär

Şu ýylyň 23-24-nji oktýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Albukerke şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Döredijilik çäresine gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň uly wekiliýeti ABŞ-da boldy. Onuň düzümine medeniýet we sungat ussatlary, ylym ulgamynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri we talyp ýaşlar girdi. Türkmenistanyň Medeniýet günleri 1990-njy ýylda Aşgabat bilen  doganlaşan Albukerke şäherinde geçirildi. Kaliforniýa ştatynyň San-Diego we El-Kahon şäherleriniň administrasiýalarynyň ýolbaşçylary tarapyndan bu şäherlerde 31-nji awgusty «Türkmenistanyň güni» diýip yglan etmek hakynda Jarnamanyň  kabul edilmegi ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugyň aýdyň nyşany bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe bilen Bilelikdäki ulag-logistika merkezini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyndaky çykyşynda Bilelikdäki ulag-logistika merkezini döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Bu barada TDH habar berdi. Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany ulag-kommunikasiýa pudagynyň möhüm we geljegi uly ugurlaryň biri bolup durýandygyny nygtady. Häzirki döwürde Türkmenistanda täze ulag desgalarynyň, awtomobil we demir ýol geçelgeleriniň giň göwrümli gurluşyk işleri alnyp barylýar, howa we deňiz menzilleriniň durky täzelenýär.

Türkmenistan Hytaýdan Ýewropa barýan ýola goşant goşmaga çagyryldy

Orta Geçelgäni öz üstünden geçirýän ýurtlarda baý tebigy baýlyklara eýe, bu bolsa geçelgäniň ähmiýetini has-da artdyrýar diýip, Baku halkara deňiz söwda portunyň baş direktory Taleh Ziýadow aýtdy. Ol muny Tbilisidäki 4-nji Halkara «Ýüpek ýoly» forumynda mälim etdi diýip, «Report.az» habar berdi.

Dünýäniň ähli ýurtlarynyň deňze çykalgasy bolmalydyr

Gyrgyzystanda geçen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza döwletleriniň hökümet baştutanlarynyň ýygnagynda Mongoliýanyň Premýer-ministri Oýuun-Erdene Luwsannamsraýn öz çykyşynda: «Dünýäniň ähli ýurtlarynyň deňze çykalgasy bolmalydyr» diýdi. Bu barada «Report.az» neşiri habar berýär. Premýer-ministr şunuň bilen baglylykda, Mongoliýanyň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ýük gatnawy barada meselä aýratyn garalmagyna çagyrýandygyny nygtady.

Milli arhiwler — gymmatly hazyna

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 25-26-njy oktýabrda Türkiýe Respublikasyna ilkinji resmi sapary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara giňişlikde dost-doganlyk, parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary berkitmekdäki tutumly işleriň barha rowaçlanýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezen waka boldy. Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde bu taryhy sapara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza köp sagbolsun aýdýarys. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň doganlyk döwletidir, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bolsa strategik häsiýete eýedir. Ankarada geçirilen ýokary derejeli gepleşiklerde Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda mundan beýläk hem ýokary derejedäki gatnaşyklary ösdürmekde bilelikde edilmeli işler boýunça pikir alşyldy, köpugurly hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň 13-sine gol çekildi.

Bilelikdäki ösüşiň binýady

Düýn — 29-njy oktýabrda doganlyk Türkiýede Respublikanyň şanly 100 ýyllygynyň baýramy giňden dabaralandyryldy. Türkmen hem-de türk halklary taryhyň ähli döwürlerinde-de kökleri müňýyllyklara uzaýan bir çynaryň iki şahasy deýin, birek-birek bilen aýrylmaz baglanyşykly bolupdyr. Doganlyk ýurduň baş baýramynyň bellenilýän günlerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna ilkinji resmi saparyny amala aşyrmagy häzirki wagtda-da iki halkyň öz begenjini, şatlygyny deň paýlaşýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Bu sapar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna düýpli baha bermegiň, geljek döwür üçin amal ediljek bilelikdäki işleri kesgitlemegiň ýolunda täze gözýetimleri açandygy bilen uly ähmiýete eýedir. Biz hem sapar günlerinde türkiýeli wekilleriň käbirleri bilen gürrüňdeş bolup, olaryň türkmen-türk gatnaşyklarynda gazanylan tejribeler baradaky pikir-garaýyşlaryny ýazga geçirdik.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahaty we sergisi geçirildi

25 — 27-nji oktýabr aralygynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahaty we sergisi geçirildi. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy. Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen bu ýöriteleşdirilen forum utgaşykly görnüşde geçirilip, oňa sanly ulgam arkaly dünýäniň onlarça döwletinden wekiller gatnaşdylar. Bu forum ýüzlerçe adamy, şol sanda daşary ýurtlaryň onlarçasyndan gelen wekillerini bir ýere jemledi. Ýygnananlar ýangyç-energetika toplumynda halkara, sebit we milli derejede senagatyň geljekki strategiýasyny kemala getirmäge bagyşlanan dünýäniň nebit bazaryndaky işleriň ýagdaýy, bu ulgamda marketing strategiýalary baradaky seljeriş-syn maglumatlary bilen tanyşdyryldy.

Türkmen-türk işewürlik maslahaty özara hyzmatdaşlykda täze sahypany açdy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň özara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi, çuňlaşdyrylmagy babatda uly mümkinçilikler  döredilýär. Şunda iki ýurduň halklarynyň taryhy we medeni umumylyklaryny hem-de olaryň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmek esasy şertleriň biri bolup durýar. Türkmenistanly we türkiýeli işewürleriň oňyn tejribeleri, Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň gazananlary, şeýle hem Türkiýäniň işewür toparlarynyň türkmenistanly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge bolan gyzyklanmalary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has-da pugtalanjakdygynyň aýdyň görkezijisidir.

Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň üçünji mejlisi

Aşgabat, 27-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň üçünji mejlisi geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän işleriň netijesinde öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli itşynaslyk däbimiz täze ösüşe we uly şöhrata eýe boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli itşynaslyk sungatymyzyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň sebitlerinde we Aşgabat şäherinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän türkmen alabaýlarynyň tohumçylyk merkezleri hereket edýär. Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasy dünýäniň dürli ýurtlary bilen bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmegi we täze derejä göterilmegi üçin mümkinçilikleri döredýär.

Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň üçünji mejlisi

Aşgabat, 27-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň üçünji mejlisi geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän işleriň netijesinde öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli itşynaslyk däbimiz täze ösüşe we uly şöhrata eýe boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli itşynaslyk sungatymyzyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň sebitlerinde we Aşgabat şäherinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän türkmen alabaýlarynyň tohumçylyk merkezleri hereket edýär. Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasy dünýäniň dürli ýurtlary bilen bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmegi we täze derejä göterilmegi üçin mümkinçilikleri döredýär.

Türkmenistan — ABŞ: medeni gatnaşyklary berkitmegiň ýolunda

Şu ýylyň 23-24-nji oktýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Albukerke şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Döredijilik çäresine gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň uly wekiliýeti ABŞ-da boldy. Onuň düzümine medeniýet we sungat ussatlary, ylym ulgamynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, talyp ýaşlar girdi. Iki dostlukly ýurduň medeni durmuşyndaky möhüm waka bolan Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ABŞ-nyň Albukerke şäherinde geçirilmegi tötänden däldir. Bu şäher 1990-njy ýyldan bäri Aşgabadyň doganlaşan şäheridir. Şonda ikitaraplaýyn ylalaşyga gol çekilip, onuň özara düşünişmekde we hyzmatdaşlykda, taraplaryň şäheriň dolandyryş hem-de şähergurluşyk, bilim, saglygy goraýyş, durmuş üpjünçiligi, medeniýet, ylym, tehnologiýalar, sport ulgamlarynda öňdebaryjy tejribäniň alşylmagyna ýardam etjekdigi tassyklanyldy.

Ankara duşuşygy: dostluk ýoly, doganlyk ruhy bilen

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary barada söhbet Türkmen hem türk gatnaşyklary barada söz açylanda, hemişe «Bir millet — iki döwlet» şygaryny dile getirýäris, bizi birleşdirýän doganlyk ruhuna ünsi çekýäris. Iki ýurduň ha syýasy, ha söwda-ykdysady, ha medeni-ynsanperwer — tükel hyzmatdaşlygynyň jebisligi, rowaçlygy-da şunda jemlenen.