Milli arhiwler — gymmatly hazyna

30 Oktýabr 2023
521

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 25-26-njy oktýabrda Türkiýe Respublikasyna ilkinji resmi sapary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara giňişlikde dost-doganlyk, parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary berkitmekdäki tutumly işleriň barha rowaçlanýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezen waka boldy. Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde bu taryhy sapara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň doganlyk döwletidir, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bolsa strategik häsiýete eýedir. Ankarada geçirilen ýokary derejeli gepleşiklerde Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda mundan beýläk hem ýokary derejedäki gatnaşyklary ösdürmekde bilelikde edilmeli işler boýunça pikir alşyldy, köpugurly hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň 13-sine gol çekildi.

Gülälek HANBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň başlygy.