Türkmenistan we Türkiýe Hazaryň we Gara deňziň üstünden geçýän üstaşyr ýollary işjeňleşdirer

31 Oktýabr 2023
456

Türkmenistan we Türkiýe Hazaryň we Gara deňizleriň üstünden geçýän ulag geçelgeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak barada ylalaşdylar. Muny Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ankarada geçirilen Türkmen-türk işewürlik forumynda aýtdy diýip, «Report.az» habar berdi.

«Iki ýurduň arasynda söwdany ösdürmekde üstaşyr ýük daşamalar ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm orny tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bar bolan ulag geçelgeleriniň, hususan-da, Hazarüsti hem-de Hazar deňzi — Gara deňiz ulag geçelgeleriniň işjeňligini ýokarlandyrmagyň we täze ugurlary döretmegiň özara bähbitli boljakdygy nygtaldy» diýip, TDH Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sözleri getirýär.